Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Kör adamlara wagyz edýäris

Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Kör adamlara wagyz edýäris

NÄME ÜÇIN WAJYP? Kör adamlaryň köpüsi nätanyş adamlar bilen gürleşmäge çekinýärler. Şol sebäpli kör adamlara ökdelik bilen wagyz etmegi başarmaly. Ýehowa şeýle adamlaryň mähir bilen aladasyny edýär (3Ms 19:14). Bizem Ýehowadan görelde alyp, olara ruhy körlükden açylmaga kömek etmek üçin ilkinji ädimi özümiz ätmeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Kör adamlary «gözläp tapyň» (Mat 10:11). Belki, tanyş-bilişleriňiziň arasynda kör dogan-garyndaşlary bardyr? Mümkin, siziň wagyz edýän meýdançaňyzda gözi görmeýänleriň mekdebi, garrylar öýi ýa-da başga edaralar bardyr? Belki, şol ýerlere baryp, körler üçin niýetlenen edebiýatlary hödürlärsiňiz

  • Gyzyklanýandygyňyzy görkeziň. Körler bilen mähirli gepleşip, gyzyklanýandygyňyzy görkezseňiz, olar özüni arkaýyn duýar. Olary gyzyklandyraýjak zat hakda gürrüňe başlaň

  • Ruhy kömegi gaýgyrmaň. Gözi gowy görmeýän ýa-da asla görmeýän adamlar üçin guramamyz dürli görnüşde edebiýatlary çykardy. Olardan edebiýatyň nähili görnüşinden öwrenesi gelýändigini soraň. Wagyz gözegçisi kör adamlara nähili görnüşdäki edebiýatlaryň gerekdigi baradaky arzany tassyklamaly