Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Kimi çagyrmaly?

Kimi çagyrmaly?

Biz her ýyl meýdançamyzdaky adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin tagalla edýäris. Olaryň köpüsi biziň üçin nätanyş adamlar. Emma biz tanyş-bilişlerimizi hem çagyrmaly. Çakylygy alan tanyşlarymyzyň arasynda Ýatlama agşamyna gelmek isleýänler köp bolmagy mümkin (yb08-U sah. 11, abz. 3; sah. 14, abz. 1). Siz kimleri çagyryp bilersiňiz?

  • Dogan-garyndaşlaryňyzy

  • Işdeşleriňizi ýa klasdaşlaryňyzy

  • Goňşy-golamlaryňyzy

  • Gyzyklanýan adamlary hem-de öň we häzir Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleri

Şeýle-de ýygnak ýaşululary yhlasy gowşan wagyzçylary çagyryp biler. Ýatlama agşamyna çagyran tanyşlaryňyz ýaşaýan ýeriňizden başga ýerde bolsa näme etmeli? JW.ORG saýtymyzyň baş sahypasyndaky BIZ BARADA diýen ýere girip, «Ýatlama agşamy» diýen bölümi saýlaň we tanşyňyzyň ýaşaýan ýerinde geçiriljek Ýatlama agşamynyň wagtyny hem ýerini bilip bilersiňiz. Şu ýyl geçiriljek Ýatlama agşamyna taýýarlyk göreniňizde, çagyryp biljek adamlaryňyz hakda oýlanyň we olaryň her birine çakylygy paýlaň.