Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Dostlary paýhasly saýlaň

Dostlary paýhasly saýlaň

Mowap düzlüginde ysraýyllar bilen bolan waka şu günler biziň üçin duýduryş bolup durýar (1Kr 10:6, 8, 11). Ysraýyllar mowaplar bilen ahlaksyzlyk edip we olaryň taňrylaryna sežde edip, agyr günäleri etdiler. Netijede, köp betbagtçylyga uçradylar (4Ms 25:9). Biz hem her gün diýen ýaly işdeşlerimiz, klasdaşlarymyz, goňşularymyz, dogan-garyndaşlarymyz we Ýehowa gulluk etmeýän başga⁠-⁠da adamlar bilen gatnaşmaly bolýarys. Ysraýyllar bilen bolan waka şeýle adamlar bilen ýakyndan gatnaşmagyň örän howpludygyny ýatladýar.

«SAPAK EDINMELI MYSALLAR. PARÇA» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Zimri bilen dostlary Ýamine nädip erbet täsir etjek boldular?

  • Pinehas Ýamine dogry ýoldan sowulmazlyga nädip kömek etdi?

  • Hudaýa iman etmeýän adama ýöne dost ýaly garamak bilen ýakyndan dostlaşmagyň nähili tapawudy bar?

  • Hatda dogan-uýalaryň arasyndan dost saýlanymyzda⁠-⁠da näme üçin seresap bolmaly?

  • Gowy tanamaýan adamlarymyz bilen internet arkaly dostlaşmakdan näme üçin gaça durmaly?