Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ

Sorag beriň

Sorag beriň

«Bagtly Hudaý» Ýehowa biziň wagyzdan şatlyk tapmagymyzy isleýär (1Tm 1:11). Eger wagyz etmek tejribämizi artdyrsak, wagyz gullugyndan köp şatlyk taparys. Munuň bir usuly — sorag bermek. Soraglar adamy gyzyklandyryp, aňsatlyk bilen gürrüňe başlamaga kömek edýär. Şeýle⁠-⁠de adamy oýlanmaga höweslendirýär we dogry netijä gelmäge kömek edýär (Mat 22:41—45). Adama sorag bereniňizden soň, ony ünsli diňläň. Şeýle etsek, onuň garaýşyna hormat goýýandygymyzy görkezeris (Ýak 1:19). Adamyň berýän jogaby gürrüňdeşligi has gyzykly etmäge kömek eder.

«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE UKYBYŇYZY ÖSDÜRIŇ. SORAG BERIŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Jasminiň nähili gowy häsiýetleri bardy?

  • Nita Jasmin bilen ýürekden gyzyklanýandygyny nädip görkezdi?

  • Nita Jasmini gyzyklandyrmak üçin soraglary nädip ökdelik bilen ulandy?

  • Nita Jasmine oýlanmaga we dogry netijä gelmäge nädip kömek etdi?