Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Synaglaryň soňy geler

Synaglaryň soňy geler

Synaglar adamy ruhdan düşürýär, güýç-kuwwatyny alýar. Synaglar gutarar ýerde gutarmasa ysgyn-mydaryň galmaýar. Şawul patyşa Dawudy birnäçe ýyllap yzarlaýar. Emma Dawut synaglardan dynjak gününe garaşýardy, sebäbi Ýehowanyň beren wadasyna iman edýärdi. Ýehowa oňa tagtda oturtjakdygyny aýdypdy (1Şm 16:13). Dawut Ýehowa bil baglaýardy, her bir zada döz gelýärdi.

Biz synaga düşenimizde akylly-paýhasly hereket etmeli (1Şm 21:12—14; Nak 1:4). Ýöne käte eliňde baryny etseňem, ýagdaý üýtgemeýär. Şonda Ýehowa bil baglap, sabyrly garaşmaly. Ýehowa tizden ähli kynçylyklary ýok eder, «gözümizden ýaşlarymyzy süpürer» (Ylh 21:4). Unutmalyň, ýa synagyň soňy geler, ýa-da Ýehowanyň ähli kynçylyklary ýok etjek güni geler. Geliň, şonuň üçin synaglarda ruhdan düşmäliň, sabyrly bolalyň!

«AGZALA DÜNÝÄDE AGZYBIR ADAMLAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • ABŞ-nyň günortasynda ýaşan dogan-uýalar nähili kynçylyklar bilen göreşmeli boldular?

  • Olar nädip sabyrly boldular we söýgüsini görkezdiler?

  • Olar «iň wajyp zatlara düşünýändigini» nädip subut etdiler? (Flp 1:10).