WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Okuw geçýänleriňize erbet endiklerini ýeňmäge kömek ediň
Ýehowa ýokary ahlak kadalaryna eýerýän adamlar bilen dostlaşýar (1Pe 1:14—16). Okuw geçýän adam erbet endiklerini ýeňse, öz jan-saglygyny gorar, maşgalasyny bagtly eder, puluny ýele sowurmaz.
Okuw geçýäniňize Ýehowanyň kada-kanunlaryny we olara eýermegiň peýdalydygyny düşündiriň. Eger oňa garaýşyny üýtgetmäge kömek etseňiz, erbet endigini taşlamaga jan eder (Efs 4:22—24). Adam aňyna siňen erbet endiklerini hem Ýehowanyň kömegi bilen ýeňip biler (Flp 4:13). Okuw geçýäniňiz ýene-de öňki endigini küýsese, Ýehowa ýalbaryp doga etmegi öwrediň. Şeýle-de erbet endiginiň duzagyna düşmez ýaly, oňa öňünden oýlanmagy maslahat beriň. Ünsüni sowar ýaly, peýdaly işleri etmäge höweslendiriň. Okuw geçýäniňiz Ýehowanyň kömegi bilen erbet endiklerini taşlanda, siz hem begenersiňiz.
«MUKADDES KITAPDAN OKUW GEÇÝÄNLERIŇIZE KÖMEK EDIŇ. ERBET ENDIKLERI ÝEŇMEK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Ýygnak ýaşululary we Nita Jasminiň erbet endigi hakda bilende näme etdiler?
-
Nita Jasmine nädip kömek etdi?
-
Jasmin erbet endigini taşlamak üçin näme etdi?