Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Internetden hak dostlary tapyp bolarmy?

Internetden hak dostlary tapyp bolarmy?

Hak dostlar bir-birini jany-teni bilen söýýär we biri-birine ýürekden hormat goýýar. Meselem, Dawut Jalut pälwany öldürensoň, Ýonatan onuň bilen jana-jan dost bolýar (1Şm 18:1). Olar biri-birini gowy tanaýardy, ikisinde-de ýagşy häsiýetleri bardy, Ýehowa wepalydy. Görşümiz ýaly, biri bilen dostlaşmak üçin ony gowy tanamaly. Munuň üçin köp wagt gerek bolýar. Internetde bolsa bir düwmä basdygyň nätanyş adam «dostuň» bolýar. Olar süýji-süýji sözlärler, emma hakyky ýüzüni gizlärler. Şonuň üçin käbirleri internet arkaly dostlaşmaýar. Gelýän ähli hatlara jogap ýazyp, hemmeler bilen dostlaşjak bolma. Gowy tanamaýan adamlaryň göwnüne degmejek bolup, hatlaryna jogap bermekden seresap bol. Emma interneti paýhasly ulanyp bolýar.

«INTERNETI PAÝHASLY ULAN!» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Internete hat ýazmankaň ýa-da suratyňy goýmankaň näme üçin oýlanmaly?

  • Internet arkaly dostlaşmakdan näme üçin ägä bolmaly?

  • Internet arkaly ýazyşanyňda näme üçin çäk goýmaly? (Efs 5:15, 16).