Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wideolarymyzy nädip ulanmaly?

Wideolarymyzy nädip ulanmaly?

Biz wagyzda, esasan, dört sany wideo ulanýarys. Olar näme maksat bilen çykaryldy?

  • «Mukaddes Kitaby öwrenmegiň näme peýdasy bar?» diýen wideo islendik dindäki adamlaryň ünsüni Mukaddes Kitaba çekmek üçin çykaryldy. Wideo adamy wajyp soraglaryň jogabyny Mukaddes Kitapdan gözlemäge höweslendirýär. Şeýle-de bir wajyp soragyň jogaby düşündirilýär we Mukaddes Kitapdan okuw geçmek üçin näme etmelidigi aýdylýar.

  • «Mukaddes Kitaby näme üçin öwrenmeli?» diýen wideo ýokarky wideonyň gysgaldylan görnüşi. Wideo gürrüňdeş bolmaga wagty bolmaýan adamlar üçin niýetlenen.

  • «Mukaddes Kitap okuwy nädip geçirilýär?» atly wideo Mukaddes Kitapdan mugtuna okuw geçmäge höweslendirýär. Wideoda sapaklaryň nähili geçirilýändigi we okuw geçmek üçin näme etmelidigi aýdylýar.

  • «Siz Mukaddes Kitap okuwyna başladyňyz!» atly wideo Mukaddes Kitap okuwyna başlan adamlar üçin niýetlenen. Wideo barada «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 2-nji sahypasynda aýdylýar. Emma ony «Ebedi ýaşaň!» broşýuradan söhbetdeş bolanyňyzda hem görkezip bilersiňiz. Wideoda kitapdan nädip okuw geçmelidigi we nähili peýdasynyň bardygy düşündirilýär.

Wideolaryň her biri belli bir maksat bilen çykarylsa-da, olary adamyň ýagdaýyna görä islendik wagt görkezip ýa-da iberip bilersiňiz. Gadyrly wagyzçylar, wideolary gowy özleşdiriň we wagyzda köpräk ulanyň.