Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Ýüregiňi gora»

«Ýüregiňi gora»

Süleýman patyşa Hudaýyň ylhamy bilen: «Ähli zatdan öňürti ýüregiňi gora» diýip ýazdy (Nak 4:23). Gynansak-da, wagtyň geçmegi bilen, ysraýyllar Hudaýa «bütin ýürekden» gulluk etmegini bes etdiler (2Tr 6:14). Hatda Süleýman hem ýüregini goramandygy üçin aýallarynyň täsirine düşüp, başga taňrylara sežde etdi (1Pa 11:4). Siz ýüregiňizi nädip gorap bilersiňiz? Bu barada 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 14—19-njy sahypasyndaky makalada aýdylypdy.

«„GARAWUL DIŇINDEN“ PEÝDALY MASLAHATLAR. ÝÜREGIŇIZI GORAŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

Wideodaky dogan-uýalaryň imanyny näme zatlar gowşadyp bilerdi we makaladaky pikirler olara ýüregini goramaga nädip kömek etdi?

  • Bred we Loren

  • Umjaý

  • Loý Danyleýko

Şu makala size nädip kömek etdi?