Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1—7 aprel

ZEBUR 23—25

1—7 aprel

4-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. «Ýehowa meniň Çopanym»

(10 min.)

Ýehowa bize ýol görkezýär (Zb 23:1—3; w11 1/5 sah. 31, abz. 3)

Ýehowa bizi goraýar (Zb 23:4; w11 1/5 sah. 31, abz. 4)

Ýehowa ruhy taýdan aladamyzy edýär (Zb 23:5; w11 1/5 sah. 31, abz. 5)

Çopanyň goýun-guzularyny bakyşy ýaly, Ýehowa hem söýgi bilen aladamyzy edýär.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Ýehowa nädip meniň aladamy edýär?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min.)

  • Zb 23:3. «Adyl ýoldan ýöremek» nämäni aňladýar we şol ýoldan ýöremäge näme kömek eder? (w11 15/2 sah. 24, abz. 1—3)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min.) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Tebigata zyýan ýetýändigi hakda alada edýän adama Mukaddes Kitapdan ruhlandyryjy aýady okap ber (lmd sapak 2, abz 5).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. «Ebedi ýaşaň» broşýurany alan adama Mukaddes Kitap okuwynyň geçirilişini görkez (lmd sapak 9, abz. 3).

6. Şägirt taýýarlaň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

54-nji aýdym

7. «Nätanyş adamy» diňlemäň

(15 min.) Söhbetdeşlik.

Goýunlar çopany sesinden tanaýarlar we yzyna düşýärler, ýöne nätanyş adamyň sesini eşidende gaçýarlar (Ýah 10:5). Edil şonuň ýaly, bizem söýgi bilen aladamyzy edýän çopanlarymyz Ýehowa bilen Isa Mesihe gulak asýarys (Zb 23:1; Ýah 10:11). Emma «ýalan sözläp», imanymyzy gowşatjak bolýan adamlary diňlemeýäris (2Pe 2:1, 3).

1 Musa 3-nji bapda How enäniň ilkinji sapar nätanyş sesi eşidendigi aýdylýar. Şeýtan How ene bilen gürleşende özüniň kimdigini gizläp, ony aldaýar. Ol How enäniň aladasyny eden kişi bolup, Ýehowa hakda ýalan zatlary aýdýar. Gynansak-da, How ene Şeýtana gulak asyp, tutuş maşgalasynyň gül ömrüni kül etdi.

Şeýtan şu günlerem hakykaty ýoýup, Ýehowa we guramamyz hakda ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradýar. Biz imanymyzy gowşadýan ýalan zatlary diňlemeli däl. Ýalan zatlary azajyk diňlemegem uly zyýan ýetirýär. Şeýtan How enäni az salymyň içinde duzaga düşürdi (1Ms 3:1, 4, 5). Eger dogan-garyndaşyňyz ýa dost-ýarlaryňyz aladaňyzy edip, Ýehowanyň guramasy hakda erbet zatlary aýdyp başlasa näme edersiňiz?

«„Nätanyş adamy“ diňlemäň» atly wideony görkez. Soňra şeýle soraglary ber:

Ejesi Jasmine Ýehowanyň guramasy hakda ýalan zatlary aýtjak bolanda, ol näme etdi? Biz ondan näme öwrenýäris?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min.) | 55-nji aýdym we doga