10-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)
1. «Ýehowa hemişe alkyş aýdyň»
(10 min.)
Dawut kynçylyklarda-da Ýehowany şöhratlandyrýardy (Zb 34:1; w07 1/3 sah. 22, abz. 11)
Dawut gazanan üstünliklerine öwünmän, Ýehowa alkyş aýdýardy (Zb 34:2—4; w07 1/3 sah. 22, abz. 13)
Dawudyň Hudaýa alkyş aýdýandygyny görüp, dost-ýarlarynyň imany berkeýärdi (Zb 34:5; w07 1/3 sah. 23, abz. 15)
Dawut Abymäligiň ýanyndan kowlup gaýdansoň, çölde oňa 400 adam goşulýar. Olar Şawulyň hökümdarlygyndan nägiledi (1Şm 22:1, 2). Dawut 34-nji mezmury şol döwür ýazan bolmaly (Zb 34, sözbaşy).
ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Indiki sapar ýygnakda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanymda, Ýehowany nädip şöhratlandyryp bilerin?»
2. Dürdäne pikirler
(10 min.)
-
Zb 35:19. Dawudyň «duşmanlarym... göz gypmasyn» diýen sözleri nämäni aňladýar? (w06 15/5 sah. 20, abz. 2)
-
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min.) Zb 34:1—22 (th sapak 5)
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(2 min.) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Gürrüňdeş bolýan adamyňyza wagyz edip ýetişmänkäňiz gidýär ýa-da gürrüňdeşligi bes edýär (lmd sapak 1, abz. 4).
5. Gaýtadan ideg ediň
(4 min.) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. (lmd sapak 2, abz. 4)
6. Imanyňyz hakda gürrüň beriň
(5 min.) Sahna (lff sapak 44, sözb. 1—3). Tema: Baýramçylyklary bellese bolýarmy? (th sapak 17)
59-njy aýdym
7. Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyrmagyň üç ýoly
(15 min.) Söhbetdeşlik.
Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyrmaga köp mümkinçilik bolýar. Geliň, şolaryň üçüsine seredeliň.
Gürrüňdeşlik. Dogan-uýalar bilen gepleşeniňizde Ýehowanyň ýagşylyklary hakda gürrüň beriň (Zb 145:1, 7). Belki, siz olara eşiden we okan gyzykly pikiriňizi, wagyzda bolan gyzykly wakany ýa-da Hudaýyň ýaradan täsin zatlary hakda gürrüň berersiňiz. Şeýle-de biriniň aýdan ýönekeýje sözleriniň ýa-da eden ýagşylygynyň sizi ruhlandyrandygyny aýdyp bilersiňiz. Şeýle zatlar hakda gürrüň etmek göwnüňi göterýär (Ýak 1:17). Eger siz ýygnaga bäş minut ir gelseňiz, dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup bilersiňiz.
Jogap bermek. Ýygnakda, iň bolmanda, bir gezek jogap bermegi maksat goýuň (Zb 26:12). Jogap bereniňizde, ilkinji jogaby gysgaça, ikinji, üçünji jogaplary bolsa giňişleýin aýdyp bilersiňiz. Şeýle-de siz aýat, surat arkaly jogap berip bilersiňiz ýa-da öwrenen zatlaryňyzy durmuşda nädip ulanyp biljekdigiňizi aýdyp bilersiňiz. Ýygnakda beýleki dogan-uýalar hem elini galdyrýar, şonuň üçin birnäçe jogap taýýarlasaňyz gowy bolar. Eger jogabyňyzy 30 sekuntda aýtsaňyz, beýleki dogan-uýalar hem «öwgi gurbanlaryny berip», Hudaýy şöhratlandyryp biler (Ýew 13:15).
Aýdym aýtmak. Ýygnakda aýdymy joşup aýdyň (Zb 147:1). Eger ýygnagyňyz uly bolsa, käte jogap berip ýetişmersiňiz. Ýöne aýdymy her gezek aýdyp bilýärsiňiz. Siz aýdymy gowy aýdyp bilmeseňiz-de, eliňizde baryny ediň. Ýehowa edýän tagallaňyzy görüp begener (2Kr 8:12). Aýdymlary gowy aýdyp biler ýaly, öýde taýýarlansaňyz gowy bolar.
«Taryha ser salyň. Aýdym — üýtgeşik sowgat, 1-nji bölüm» diýen wideony görkez. Soňra şu soragy ber:
Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy şöhratlandyryp aýdym aýtmak üçin nähili işleri etdiler?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min.) bt bap 9, abz. 1—7, bölüm 3, giriş sözler we sah. 70, çarçuwa