Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4—10 mart

ZEBUR 16, 17

4—10 mart

111-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. «Ýehowa, ähli berekediň Gözbaşy sensiň!»

(10 min.)

Biz Ýehowanyň gullukçylary bilen gatnaşyp köp şatlyk tapýarys (Zb 16:2, 3; w18.12 sah. 26, abz. 11)

Ýehowa bilen dostlaşmak bizi bagtly edýär (Zb 16:5, 6; w14 15/2 sah. 29, abz. 4)

Ýehowanyň berýän bilimi bizi goraýar (Zb 16:8, 9; w08 15/2 sah. 3, abz. 2, 3)

Bizem Dawut ýaly Ýehowanyň islegini birinji orunda goýýandygymyz üçin bagtly ýaşaýarys.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: «Ýehowany tananymdan soň nähili bereketleri aldym?»

2. Dürdäne pikirler

(10 min.)

  • Zb 17:8. «Gözüň göreji» diýen jümle nämäni aňladýar? (it «Gözüň göreji»)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min.) Zb 17:1—15 (th sapak 5)

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(1 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Ýerli ýagdaýa görä, Ýatlama agşamynyň çakylygyny ber (th sapak 11).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Ýerli ýagdaýa görä, Ýatlama agşamynyň çakylygyny ber. Adam gyzyklansa, «Isa pygamberiň ölümini ýatlaň» diýen wideonyň esasynda gürrüňdeş bol (th sapak 9).

6. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min.) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýerli ýagdaýa görä, Ýatlama agşamynyň çakylygyny ber (th sapak 2).

7. Şägirt taýýarlaň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

20-nji aýdym

8. Ýatlama agşamyna nädip taýýarlanmaly?

(15 min.) Söhbetdeşlik.

Biz mart aýynyň 24-ne ýekşenbe güni Isanyň aýdyşy ýaly, onuň ölümini ýatlarys. Şol waka bize Ýehowanyň we Isa Mesihiň adamlara bolan güýçli söýgüsini ýatladýar (Luk 22:19; Ýah 3:16; 15:13). Biz oňa nädip taýýarlanmaly?

  • Ýatlama agşamynyň kampaniýasyna yhlasly gatnaşyp, adamlary ýörite nutugy diňlemäge we Ýatlama agşamyna gatnaşmaga çagyryň. Ýatlama agşamyna çagyrjak adamlaryňyzyň sanawyny düzüň. Eger olaryň käbiri başga ýerde ýaşaýan bolsa, jw.org saýtyndan olara golaý ýygnagyň salgysyny ugradyp bilersiňiz.

  • Mart we aprel aýlarynda wagyz işine yhlasly gatnaşyň. Siz 15 ýa-da 30 sagat wagyz edip, kömekçi pioner bolup gulluk edip bilersiňizmi?

  • 18-nji martdan başlap, Isa pygamberiň ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň soňky hepdesinde bolan wakalary okap bilersiňiz. 6, 7-nji sahypalardaky «Ýatlama agşamy döwri okalýan aýatlaryň meýilnamasy (2024)» boýunça näçeräk aýat okamalydygyny özüňiz çözüp bilersiňiz.

  • Ýatlama agşamy güni jw.org saýtyna çykjak irdenki seždäni görüň.

  • Ýatlama agşamyna ilkinji sapar gelýän adamlary we wagyz etmeýän wagyzçylary gujak açyp garşy alyň. Duşuşykdan soň adamlaryň berjek soraglaryna jogap bermäge taýyn boluň. Gyzyklanan adamlary Ýatlama agşamyndan soňam idäň.

  • Ýatlama agşamy döwri töleg gurbany hakda oýlanyň.

«Isa pygamberiň ölümini ýatlaň» atly wideony görkez. Soňra şu soragy ber:

Biz şu wideony Ýatlama agşamynyň kampaniýasy döwri kime we nirede görkezip bileris?

9. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min.) | 73-nji aýdym we doga