Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8—14 aprel

ZEBUR 26—28

8—14 aprel

34-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Dawuda Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek etdi?

(10 min.)

Dawut ýagşy adam bolmak üçin Ýehowadan kömek sorady (Zb 26:1, 2; w04 1/12 sah. 14, abz. 8, 9)

Dawut erbetler bilen gatnaşmaýardy (Zb 26:4, 5; w04 1/12 sah. 15, abz. 12, 13)

Dawut Ýehowa yhlasly gulluk edýärdi (Zb 26:8; w04 1/12 sah. 16, abz. 17, 18)


Dawut ýalňyşsa-da, Hudaýa «bütin ýüregi bilen gulluk etdi» (1Pa 9:4). Onuň Ýehowany jany-teni bilen söýýändigini we wepalydygyny hemmeler bilýärdi.

2. Dürdäne pikirler

(10 min.)

  • Zb 27:10. Ýakyn adamlarymyz bizi taşlasa, aýatdaky sözler nädip tesseli berýär? (w06 15/7 sah. 28, abz. 15)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

(4 min.) Zb 27:1—14 (th sapak 2)

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(2 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. «Okuw esbaplaryndan» bir kitapçany saýlap wagyz et (th sapak 3).

5. Gaýtadan ideg ediň

(4 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Öý eýesi bilen geçen saparky beren kitapçaň arkasyndaky sorag esasynda gürrüňdeş bol. Ýerli ýagdaýa görä, jw.org saýtyna girip, oňa gyzykly boljak zatlary görkez (lmd sapak 9, abz. 3).

6. Nutuk

(5 min.) lmd Goşmaça maglumat A, 3-nji tema: Ýer ýüzi bagy-bossanlyga öwrüler (th sapak 13)

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

128-nji aýdym

7. Hudaýa wepaly gulluk edýän ýaşlar

(15 min.) Söhbetdeşlik.

Ýehowa gulluk edýän ýaşlar ahlak taýdan arassa bolmak üçin her gün göreşmeli bolýar. Ýaşlyk höwesleriniň güýjän döwri olar özüne erk etmäge jan edýärler. Üstesine-de, olar bikämillige garşy göreşýärler (Rim 7:21; 1Kr 7:36). Deň-duşlary olara her gün ahlaksyzlyk etdirjek bolýarlar (Efs 2:2). Biz şeýle synaglara garamazdan, Hudaýa wepaly gulluk edýän ýaşlara örän guwanýarys.

«Ýetginjeklik ýyllarym. Ahlaksyzlyk etmäge yrylmaz ýaly näme etmeli?» diýen wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:

  • Deň-duşlary Kori bilen Kemerine näme etdirjek boldular?

  • Olara Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek etdi?

  • Ahlaksyzlyk etdirjek bolanlarynda, size Mukaddes Kitabyň haýsy prinsipleri kömek eder?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min.) | 38-nji aýdym we doga