MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanyň
Okuw geçýän adam Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny öwrenip, durmuşynda ulananda, ruhy taýdan ösüp başlaýar we öz wagtynda miwe berýär (Zeb. 1:1—3). Eger biz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň käbir peýdaly aýratynlyklaryny ökdelik bilen ulansak, okuw geçýän adama ruhy taýdan ösmäge ýardam ederis.
GIRIŞ SORAGLAR: Her babyň başynda soraglar getirilýär we babyň dowamynda olara jogap berilýär. Okuw geçýän adamy gürrüňdeşlige höweslendirmek üçin soraglary okap geçiň ýa-da ony gysgaça jogap bermäge höweslendiriň. Eger ol dogry jogap berip bilmese, ony derrew düzetmek hökman däl. Onuň beren jogaby size haýsy pikirlere üns bermelidigini we nygtap geçmelidigini bilmäge kömek eder (Sül. tym. 16:23; 18:13).
ÇARÇUWA: Her babyň soňundaky çarçuwada babyň başyndaky soraglaryň jogaby berlen. Çarçuwa size okuw geçýän adamyň nähili düşünendigini bilmäge we esasy pikirleri belläp geçmäge kömek eder. Ondaky pikirleriň her birini we getirilen aýady bilelikde okaň. Soňra okuw geçýän adamy öwrenen zatlarynyň dogrudygyny aýada esaslanyp düşündirmäge höweslendiriň (Res. iş. 17:2, 3).
GOŞMAÇA MAGLUMAT: Eger okuw geçýän adam geçilýän tema gowy düşünse, onda berlen goşmaça maglumaty özbaşdak okamaga höweslendirip bilersiňiz. Indiki sapakda bolsa onuň nähili düşünendigini bilmek üçin biraz wagt sarp ediň. Eger oňa peýdaly bolar öýtseňiz, sapagyň dowamynda goşmaça maglumatyň bir bölegini pikir alşyň. Munuň üçin abzaslaryň ählisini okap, öňünden taýýarlan soraglaryňyzy beriň.