MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýaşlar, «uly mümkinçiligi» elden gidirmäň
Biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşlyk günlerimiz geçmez we hiç haçan garrylyk döwrüniň «agyr günlerini» başdan geçirmeris diýip pikir etmeli däl (Wg 12:1). Ýaşlar, siz uzak wagtly gulluk etmek ýaly ruhy maksatlara ýetmek üçin wagtyňyzy dogry ulanyp bilermisiňiz?
Ählimiz, hatda ýaşlaram «amatsyz... hadysa duçar bolýar» (Wg 9:11). Mukaddes Ýazgylarda: «Siz ertir näme boljagyny bilmeýärsiňiz» diýilýär (Ýak 4:14). Şol sebäpli ruhy maksatlaryňyza ýetmegi soňa goýmaň. Entek gulluk etmek üçin «uly mümkinçiligiňiz» barka, ondan peýdalanyň (1Kr 16:9). Siz muňa hiç haçan ökünmersiňiz.
Ruhy maksatlaryň käbiri:
-
Başga dilde wagyz etmek
-
Pioner bolup gulluk etmek
-
Dürli mekdeplerde okamak
-
Gurluşyk işlerine gatnaşmak
-
Beýtelde gulluk etmek
-
Etrap gözegçisi bolmak