Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Aýalyň... şäher mejlisinde oturýan äri sylanýandyr»

«Aýalyň... şäher mejlisinde oturýan äri sylanýandyr»

Başarjaň aýal ýanýoldaşynyň abraýyny göterýär. Lemuil patyşanyň döwründe başarjaň aýalyň «şäher mejlisinde oturýan äri sylanýardy» (Sült 31:23). Şu günler ruhy taýdan ösen doganlar ýygnak hyzmatçysy ýa-da ýaşuly bolup gulluk edýärler. Öýlenen doganlara şeýle borçlaryň ynanylmagy köplenç aýalynyň edim-gylymyna we goldawyna bagly bolýar (1Tm 3:4, 11). Şeýle başarjaň aýal diňe ýanýoldaşynyň däl-de, bütin ýygnagyň öwgüsine mynasypdyr.

Başarjaň aýal ýanýoldaşyna borjuny ýerine ýetirmäge kömek edýär. Ol...

  • öwgüli sözleri aýdyp ruhlandyrýar (Sült 31:26).

  • ýygnaga degişli işlerde ýanýoldaşyny höwes bilen goldaýar (1Sl 2:7, 8).

  • sada ýaşaýar (1Tm 6:8).

  • ýygnaga degişli aýdylmaly däl meseleler barada soramaýar (1Tm 2:11, 12; 1Pt 4:15).