Mukaddes Ýazgylarda başarjaň aýal barada aýdylýar
Süleýmanyň tymsallary 31-nji bapda Lemuil patyşanyň ejesiniň nesihatlary ýazylan. Bu maslahatlar Lemuil patyşa başarjaň aýalyň nähili bolýandygyna düşünmäge kömek etdi.
Başarjaň aýal — ynamdar kömekçi
-
Aýal maşgalada gelinýän karara köp goşant goşsa-da, ýanýoldaşyna tabyn bolýar.
-
Ýanýoldaşy aýalynyň paýhasly karara geljekdigine ynanýar we her bir meselede özünden rugsat soramagyny talap etmeýär.
Başarjaň aýal — zähmetsöýer
-
Ol maşgala agzalarynyň arassa, salykatly geýinmegi, saçagynyň hemişe doly bolmagy üçin tygşytly we sada ýaşamagy öwrenýär.
-
Ol zähmetsöýer we gije-gündiz öý-içerisiniň aladasyny edýär.