Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Wagyz üçin teklip

Wagyz üçin teklip

«HUDAÝYŇ HOŞ HABARY»

Sorag: Siz gökde näme bolýandygy hakda oýlanyp gördüňizmi?

Aýat: Ýah 8:23

Edebiýat: Şu broşýurada Isa pygamberiň ýere gelmezinden öň, gökde ýaşandygy aýdylýar (fg sap. 4, sah. 8).

HAKYKATY ÖWREDIŇ

Sorag: Siziň pikiriňizçe, Mukaddes Ýazgylardaky şu pygamberlik häzir ýerine ýetýärmi?

Aýat: 2Tm 3:1—5

Hakykat: Mukaddes Ýazgylarda soňky günler barada aýdylýan pygamberlik ýerine ýetýän bolsa, onda gelejekde boljak pygamberlikleriň hem ýerine ýetjekdigine ynanyp bileris.

«MUKADDES ÝAZGYLARY ÖWRENMEGIŇ NÄME PEÝDASY BAR?» (Wideo)

Giriş sözler: Biz adamlara gysgaça wideo görkezýäris. Onda durmuşda ýüze çykýan wajyp soraglaryň jogabyny nireden tapyp bolýandygy düşündirilýär (Wideony görkeziň).

Edebiýat: Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ýer ýüzünde bolýan kynçylyklary aýyrjakdygy aýdylýar. Bu kitap muny giňişleýin düşündirýär («Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny teklip ediň).

ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ

Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň