Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär

Ýehowa bize nämäniň gerekdigini gowy bilýär

Ýehowa wepaly hem paýhasly hyzmatkär arkaly «wagtly-wagtynda nahar paýlarymyzy» berýär, sebäbi ol bize ruhy taýdan nämäniň gerekdigini gowy bilýär (Mat 24:45). Kongreslerimizde we ýygnak duşuşyklarymyzda muňa doly göz ýetirýäris.

«OKUW KOMITETINIŇ HASABATY. 2017» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Kongreslerimiz üçin kimi şöhratlandyrmaly we näme üçin?

  • Kongreslere haçan taýýarlyk görlüp başlanýar?

  • Kongresiň temasy nädip saýlanýar?

  • Kongreslere nädip taýýarlyk görülýär?

  • «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynyň Gilead mekdebi bilen näme meňzeşligi bar?

  • «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» okuw depderini taýýarlamaga haýsy bölümler gatnaşýar?

Sen Ýehowanyň berýän ruhy iýmitlerini gymmat saýýarsyňmy?