Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Toý tutjak bolanyňyzda, iman etmeýän adamlaryň täsirine düşmäň

Toý tutjak bolanyňyzda, iman etmeýän adamlaryň täsirine düşmäň

Durmuş gurjak bolýan mesihçiler toý bilen bagly köp kararlara gelmeli bolýar. Olara toýy uludan tutmaly diýen düşünje täsir edip biler. Şeýle-de dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary olara ýagşy niýet bilen birgiden maslahatlary berer. Mukaddes Kitapdaky haýsy kada-kanunlar toý etjek bolýan mesihçilere ömrüniň iň bagtly gününi ökünçsiz we arassa ynsap bilen geçirmäge kömek eder?

«ÝEHOWA ŞÖHRAT GETIRÝÄN TOÝLAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar Nik bilen Julianna nädip kömek etdi?

  • Toý etjek bolýan mesihçi dogan hem-de uýa näme üçin ruhy taýdan ýetişen dogany «toýuň guramaçysy» edip bellemeli? (Ýah 2:9, 10).

  • Nik bilen Julianna nähili karara geldiler we näme üçin?

  • Toý bilen bagly işlere esasan kim jogapkär? (w06 15/10 sah. 25, abz. 10).