Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ

Okuw geçýänleriňize ruhy taýdan ösmäge kömek ediň

Okuw geçýänleriňize ruhy taýdan ösmäge kömek ediň

Biz okuw geçýäniň Ýehowany tanap, ruhy taýdan ösmegini isleýäris. Ýöne munuň üçin diňe okuw geçmek ýeterlik däl (Mat 5:3; Ýew 5:12—6:2). Onuň özem ruhy taýdan ösmäge jan etmeli.

Okuw geçýäni her sapaga öňünden taýýarlanmaga höweslendiriň we nädip taýýarlanmalydygyny öwrediň (mwb18.03 sah. 6). Şahsy okuwyna başlamanka, doga etmegiň wajypdygyny aýdyň. Edebiýatlaryň elektron görnüşini ýüklemäge we ulanmaga kömek ediň. Täze edebiýatlary, wideolary jw.org saýtyndan we JW teleýaýlymyndan nädip tapyp bolýandygyny öwrediň. Ýehowa bilen dostlugyny berkider ýaly, okuw geçýäne Mukaddes Kitaby her gün okamaga, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaga, gözleg geçirip, soraglaryna jogap tapmaga kömek ediň. Şeýle-de öwrenýän zatlary hakda oýlanmaga höweslendiriň.

«MUKADDES KITAPDAN OKUW GEÇÝÄNLERIŇIZE KÖMEK EDIŇ. RUHY TAÝDAN ÖSMEK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Nita Jasmine makaladan diňe soraglara jogap tapmaly däldigini nädip düşündirdi?

  • Jasmine ahlaksyzlyga Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga näme kömek etdi?

  • Okuw geçýäni öwrenýän zatlaryny gymmat saýmaga we durmuşynda ulanmaga höweslendiriň

    Jasmin okan zatlary hakda oýlanyp nämä düşündi?