Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ

Doga edip Ýehowadan kömek soraň

Doga edip Ýehowadan kömek soraň

Ýehowa adamyň ýüregine ekilen hakykat tohumy ösdürýär (1Kr 3:6—9). Ýehowa bil baglasak, okuw geçýänlere ruhy taýdan ösmäge kömek ederis.

Okuw geçýäniňiz synagda berk durar ýaly, Ýehowa doga ediň (Flp 1:9, 10). Oňa kömek edeniňizde dogry garaýşy saklap, görelde görkezer ýaly, Hudaýdan güýç diläň (Luk 11:13). Okuw geçýäniňize Ýehowa gyzgyn doga etmegi öwrediň. Onuň bilen bile we onuň üçin Ýehowa doga ediň. Dogaňyzda okuw geçýäniňiziň adyny tutuň.

«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE ÝEHOWANYŇ KÖMEGINI KABUL EDIŇ. DOGA-DILEG» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Nita Jasmin bilen okuw geçende nähili kynçylyk döredi?

  • Nita 1 Korinfliler 3:6-daky maslahata nädip eýerdi?

  • Nitanyň kynçylygy nädip çözüldi?