Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz duşuşygy üçin peýdaly maslahatlar

Wagyz duşuşygy üçin peýdaly maslahatlar

Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly imanymyzy berkidýär. Biz wagyz duşuşygynda hem birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýäris (Ýew 10:24, 25). Wagyz duşuşygynda 5—7 minudyň dowamynda dogan çykyş edýär, wagyzçylar toparlara bölünýär, nirede wagyz edilmelidigi aýdylýar we doga edilýär. Eger yzyndan başga duşuşyk geçirilýän bolsa, wagyz duşuşygynyň wagty hasam gysgalýar. Alyp baryjy dogan duşuşyga gatnaşýanlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Belki-de, wagyzçylaryň köpüsi diňe şenbe günleri wagyz edip bilýändir. Şol sebäpli duşuşykda öý eýesi bilen nädip gürrüňe başlamalydygyny öwretse bolar. Wagyz duşuşygynda ýene nämelere seretse bolar?

  • Okuw depderindäki «Gürrüňdeşlik üçin tekliplere» serediň

  • Ýakynda bolan bir wakany ýa⁠-⁠da täzeligi agzap gürrüňdeşlige başlamagy öwrediň

  • Sözüňi bölenlerinde gürrüňi nädip dowam etmelidigini düşündiriň

  • Hudaýa ynanmaýanlara, ähli zadyň öz-özünden dörändigine (ewolýusiýa) ynanýanlara, daşary ýurtlylara, dini-garaýşy ýaşaýan ýeriňizdäki adamlardan tapawutlanýanlara wagyz etmegi öwrediň

  • JW.ORG saýtynyň, JW Library® programmasynyň ýa-da Mukaddes Kitabyň käbir aýratynlygyny düşündiriň

  • «Okuw esbaplaryndan» birini ulanyp, nädip wagyz etmelidigini görkeziň

  • Wagzyň dürli görnüşlerinde ökdeleşmegi öwrediň (telefon, hat arkaly, köpçülik ýerlerinde wagyz etmek, gaýtadan ideg etmek, Mukaddes Kitap okuwyny geçirmek we ş. m.)

  • Howpsuzlygy saklamagy, mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmegi, edim-gylymly bolmagy, dogry garaýşy saklamagy we şuňa meňzeş zatlary ýatladyň

  • «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» broşýuradaky sapaga ýa-da wideo serediň

  • Wagyzda birek-biregi ruhlandyrmaga we goldamaga höweslendiriň

  • Mukaddes Kitapdan bir aýada serediň ýa-da wagyzda bolan ruhlandyryjy wakany gürrüň beriň