Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Uýalar Ýehowanyň guramasynda köp işleri edýär

Uýalar Ýehowanyň guramasynda köp işleri edýär

Uýalar Ýehowa gulluk etmek üçin wagtyny, güýjüni gaýgyrmaýar (Zb 68:11). Olar köp adamlar bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler. Pionerleriňem köpüsi diýen ýaly uýalar. Şeýle-de bütin dünýäde missioner, beýtelçi, terjimeçi bolup gulluk edýän we gurluşyk işine gatnaşýan müňlerçe uýalar bar. Durmuş guran uýalar maşgalasyny we ýygnakdaky dogan-uýalary berkidýärler (Nak 14:1). Uýalar ýaşuly ýa ýygnak hyzmatçysy bolup bilmese-de, ýygnakda köp işleri edip bilýär. Gadyrly uýa, öňüňde nähili ruhy maksatlary goýduň?

  • Ýagşy häsiýetleri ösdüriň (1Tm 3:11; 1Pe 3:3—6)

  • Ýygnagyňyzdaky ýaş hem tejribesiz uýalara kömek ediň (Tit 2:3—5)

  • Wagyz işine yhlasly gatnaşyň

  • Täze dil öwreniň

  • Kömek gerek ýere göçüň

  • Beýtele ýa-da guramanyň gurluşyk işlerine kömek ediň

  • Hoş habarçylar mekdebinde okaň

«ARMAN-ÝADAMAN ZÄHMET ÇEKÝÄN UÝALAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGA JOGAP BERIŇ:

  • Uýalaryň beren gürrüňleri sizi nädip ruhlandyrdy?