18—24 noýabr
ZEBUR 107, 108
7-nji aýdym we doga | Giriş sözler (1 min)
1. «Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr»
(10 min)
Ýehowa ysraýyllary Wawilondan azat etdi. Ol bizi hem Şeýtanyň dünýäsinden halas eder (Zb 107:1, 2; Kol 1:13, 14)
Ýehowa minnetar bolsak, ýygnak duşuşyklarynda Ony şöhratlandyrarys (Zb 107:31, 32; w07 15/4 sah. 20, abz. 2)
Ýehowanyň bereketleri hakda oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan dolar (Zb 107:43; w15 15/1 sah. 9, abz. 4)
2. Dürdäne pikirler
(10 min)
-
Zb 108:9. Hudaý Mowaby näme üçin «el ýuwýan legeni» hasaplaýar? (it «Mowap»)
-
Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?
3. Mukaddes Kitaby okamak
(4 min) Zb 107:1—28 (th sapak 5)
4. Gürrüňdeşlige başlaň
(3 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK (lmd sapak 1, abz. 4).
5. Gaýtadan ideg ediň
(4 min) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwynyň geçirilişini düşündir (lmd sapak 9, abz. 3).
6. Nutuk
(5 min) ijwyp 90. Tema: «Ruhdan düşürýän pikirleri nädip ýeňmeli?» (th sapak 14)
46-njy aýdym
7. Ýehowany wasp edip aýdym aýdalyň
(15 min) Söhbetdeşlik.
Ýehowa ysraýyllary möwç urýan Gyzyl deňzinden we Müsüriň güýçli goşunyndan halas etdi. Şonda halk Ýehowa minnetdarlyk bildirip aýdym aýtdy (2Ms 15:1—19). Şol aýdymy ilki bilen erkek adamlar aýtdy (2Ms 15:21). Isa pygamber we I asyrda ýaşan mesihçiler hem Ýehowanyň şanyna aýdym aýtdy (Mat 26:30; Kol 3:16). Bizem olaryň göreldesine eýerip, ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde Ýehowa minnetdarlyk bildirip aýdym aýdýarys. Meselem, «Ýehowa şükür» diýen şu wagt aýdan aýdymymyz 1966-njy ýyldan bäri ýygnak duşuşyklarynda aýdylýar.
Käbir medeniýetlerde erkek adamlar aýdym aýtmaga çekinýär. Käbirleri bolsa aýdym aýdar ýaly mahmal owazynyň ýokdugy üçin aýdym aýtmaýar. Emma biz ýygnak duşuşyklarynda aýdym aýdyp, Ýehowa sežde edýändigimizi unutmaly däl. Ýehowanyň guramasy göwnüňi galkyndyrýan aýdymlary taýýarlamak üçin köp işleri edýär we her bir ýygnak duşuşygynyň temasyna gabat gelýän aýdymlary saýlaýar. Bize bolsa dogan-uýalar bilen bilelikde aýdym aýtmak galýar. Şeýdip, biz gökdäki Atamyza minnetdarlyk bildirip, ýürekden söýýändigimizi subut edýäris.
«Taryha ser salalyň. Aýdym — üýtgeşik sowgat, 2-nji bölüm» atly wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:
-
1944-nji ýylda nähili täsin waka boldy?
-
Sibire sürgün edilen dogan-uýalar Hudaýyň Patyşalygy hakda aýdymlary aýtmak üçin näme etdi?
-
Ýehowanyň Şaýatlary aýdym aýtmagy näme üçin wajyp hasaplaýar?
8. Mukaddes Kitaby öwreneliň
(30 min) bt bap 18, abz. 6—15