Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 12—16

Akyldarlyk sap altyndan gowudyr

Akyldarlyk sap altyndan gowudyr

Hudaýyň berýän akyldarlygy näme üçin gymmatly? Akyldarlyk adamy erbet ýoldan saklaýar we janyny halas edýär. Ol adamyň häsiýetine, gepleýşine hem-de özüni alyp barşyna güýçli täsir edýär.

16:18, 19

Akyldarlyk adamy tekepbirlikden goraýar

  • Akyldar adam ähli akyldarlygyň gözbaşynyň Ýehowadygyna düşünýär.

  • Üstünlik gazanýan ýa-da uly jogapkärçilige eýe bolan adam, esasanam, tekepbirlik we gopbamsylyk häsiýeti ösmez ýaly seresap bolmaly.

16:21—24

Akyldar adam peýdaly zatlar hakda gürrüň edýär

  • Akyldar adam düşgürligini başgalaryň gowy taraplaryna üns bermek we olar barada oňat zatlary gürrüň bermek üçin ulanýar.

  • Akyldar adamyň sözleri gödek we awuly däl-de, bal ýaly süýji hem-de ýakymly bolýar.