Wagyz üçin teklip
«HUDAÝYŇ HOŞ HABARY»
Sorag: Käbir adamlar Isany ruslaryň pygamberi, başgalar bolsa dünýäniň halasgäri hasaplaýarlar. Siz nähili pikir edýärsiňiz?
Edebiýat: Şu broşýurada onuň kimdigi düşündirilýär (fg sap. 4, abz. 1).
«HAKYKATY ÖWREDIŇ»
Sorag: Adam ölensoň oňa näme bolýar?
Aýat: Ýah 11:11—14
Hakykat: Adam ölensoň ýaşamagyny bes edýär. Şol sebäpli biz o dünýäde ýaşaýyş bardyr diýip gorkmaly däl. Isa pygamber ölümi uky bilen deňeşdiripdi. Ol Lazar ýaly, ölüm ukusynda ýatan dogan-garyndaşlarymyzy hem direlder. Olar ýene-de ýerde bagtly ýaşar (Eýp 14:14).
OKUW GEÇÝÄN ADAMY ÝYGNAGA ÇAGYRYŇ
Edebiýat: Men sizi sežde edýän ýerimizde boljak Mukaddes Ýazgylar esasynda taýýarlanan nutugy mugtuna diňlemäge çagyrýaryn. Ol Ýygnak jaýynda geçirilýär (Duşuşygyň wagtyny, ýerini we nutugyň adyny aýt)
(Mümkinçilik bolsa, «Patyşalyk zalynda nämeler edilýär?» diýen wideony görkez)
ÖZ TEKLIBIŇIZI ÝAZYŇ
Ýokardaky teklipleriň esasynda öz teklibiňizi düzüň.