Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Öz peýdaňyzy gözlemekden we gaharlanmakdan gaça duruň

Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Öz peýdaňyzy gözlemekden we gaharlanmakdan gaça duruň

NÄME ÜÇIN WAJYP? Isa şägirtlerine bir-birine bolan söýgüsi bilen tanalmalydygyny öwretdi (Ýah 13:34, 35). Mesihiňki ýaly söýgini bildirmek üçin, bizem dogan-uýalaryň peýdasyny gözlemeli hem-de çalt gaharlanmaly däl (1Kr 13:5).

NÄDIP ETMELI?

  • Biri sözi ýa hereketi bilen göwnüňize degse, birsalym oýlanyp, düşünişmezligiň näme sebäpden dörändigini we hereketiňiziň nähili netije berjekdigini anyklajak boluň (Sült 19:11).

  • Ählimiziň bikämildigimizi we käte aýdan sözümiz ýa-da hereketimiz üçin ökünýändigimizi unutmaň

  • Düşünişmezligi şol bada çözüň

«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. ÖZ PEÝDAŇYZY GÖZLEMEKDEN WE GAHARLANMAKDAN GAÇA DURUŇ» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Tomuň maslahaty Lary dogana nähili täsir etdi?

  • Toma gaharyny saklamaga näme kömek etdi?

  • Tomuň ýumşak jogap bermegi nähili netije berdi?

Gaharymyz gelende özümizi rahat alyp barsak ýygnagymyza nähili peýda berer?