Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Agzybirligiň gadyryny biliň

Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Agzybirligiň gadyryny biliň

NÄME ÜÇIN WAJYP? Isa öldürilmeli gijesi şägirtleriniň «doly birlikde bolmagy üçin» doga etdi (Ýah 17:23). Bizem agzybir bolmak üçin, «ýalňyşlyklary hasaba alman» söýgimizi bildirmeli (1Kr 13:5).

NÄDIP ETMELI?

  • Ýehowadan görelde alyp, başgalaryň gowy häsiýetlerini görjek boluň

  • Ýürekden bagyşlaň

  • Düşünişmezligi çözensoň, ony gaýdyp gozgamaň (Sült 17:9)

«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. ÝALŇYŞLYKLARY HASABA ALMAŇ» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Wideonyň I bölüminde Helen «ýalňyşlyklary hasaba alýandygyny» nädip görkezdi?

  • Wideonyň II bölüminde Helen nädip nädogry pikirini düzedip, dogry garaýşyny saklady?

  • Helen ýygnagyň agzybirligine nädip goşant goşdy?

Ýalňyşlyklary hasaba alsak, kimi has köp gynandyrýarys?