Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Hakykata begenýändir

Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Hakykata begenýändir

NÄME ÜÇIN WAJYP? Biz Isadan görelde alyp, Hudaýyň niýetleri baradaky hakykata şaýatlyk etmeli (Ýah 18:37). Şeýle-de biz hakykata şatlanmaly, dogry sözlemeli, ýalandan we nähak işlerden doly dünýäde ýaşasak-da, diňe dogry zatlar hakda oýlanmaly (1Kr 13:6; Fp 4:8).

NÄDIP ETMELI?

  • Gybaty diňlemezligi we ony ýaýratmazlygy ýüregiňize düwüň (1Sl 4:11)

  • Biriniň başyna betbagtçylyk inende şatlanmaň

  • Gowy hem-de göwnüňi göterýän zatlara begeniň

«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. NÄHAK IŞE ŞATLANMAN, HAKYKATA BEGENIŇ» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Debbi nädip «nähak işe şatlandy?»

  • Elis Debbi bilen gürrüňdeşligi nädip gowy tarapa ugrukdyrdy?

  • Biz nähili gowy zatlar hakda gürrüň edip bileris?

Nähak işe şatlanman, hakykata begeniň