108-nji aýdym we doga
Giriş sözler (3 min. ýa-da ondan az)
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
«Isanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň» (10 min.)
Ýah 11:23—26. Isa Marta teselli beriji sözleri aýtdy («Men onuň... direljekdigini bilýärin». nwtsty Ýah 11:24-e degişli maglumat; «adamlary direldýän we olara ýaşaýyş berýän mendirin». nwtsty Ýah 11:25-e degişli maglumat)
Ýah 11:33—35. Isa Merýemiň we adamlaryň aglaýandygyny görüp, gaty gynandy («Aglaşyp durmak», «ýüregi gyýlyp, tolgundy», «ruhda hasrat çekip». nwtsty Ýah 11:33-e degişli maglumatlar; «gözlerinden ýaş akdy». nwtsty Ýah 11:35-e degişli maglumat)
Ýah 11:43, 44. Isa haýal-ýagallyk etmän, mätäçlere kömek etdi
Ruhy dürdäneleri agtaryň (8 min.)
Ýah 11:49. Kaýafany baş ruhany edip kim belledi we ol borjuny näçe wagt ýerine ýetirdi? («Baş ruhany». nwtsty Ýah 11:49-a degişli maglumat)
Ýah 12:42. Käbir ýehudylar Isany Mesih hökmünde kabul etmäge näme üçin gorkýardy? («Ýolbaşçylar», «sinagogadan kowulmak». nwtsty Ýah 12:42-ä degişli maglumatlar)
Siz şu hepde okalýan aýatlardan Ýehowa barada näme öwrendiňiz?
Siz şu hepde okalýan aýatlardan ýene nähili ruhy dürdäneleri tapdyňyz?
Mukaddes Ýazgylary okamak: Ýah 12:35—50 (4 min. ýa-da ondan az)
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ilkinji gürrüňdeşlik: (2 min. ýa-da ondan az) 1-nji sahypadaky teklibe esaslanyp, öz teklibiňi düz.
Birinji gaýtadan ideg üçin wideo: (5 min.) Wideony görkezip, pikir alyş.
Nutuk: (6 min. ýa-da ondan az) Temasy: Isa Lazary direltjekdigini bilse-de näme üçin aglady? (w13 15/9 sah. 32)
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
1-nji aýdym
Isa «adamlary direldýär we olara ýaşaýyş berýär» (Ýah 11:25) (15 min.) Söhbetdeşlik. «Hudaý ony Ýolbaşçy hem-de Mesih edip belledi» atly filmiň 2-nji bölüminiň bir parçasyny görkez. Soňra şu soraglary ber: Bu wakadan Isanyň duýgudaşlygy barada näme öwrenýäris? Haýsy manyda Isa «adamlary direldýär we olara ýaşaýyş berýär?» Isa gelejekde nähili gudratlary eder?
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy: jy bap 38 (30 min.)
Geçilenleri gaýtalap, indiki hepde geçiljek zatlara seret (3 min.)
12-nji aýdym we doga