Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 33, 34

Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri

Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri

34:5—7

Musa pygamber Ýehowanyň häsiýetlerini gowy bilýärdi. Şol sebäpli ol ysraýyl halkyna sabyrly bolýardy. Şonuň ýaly biz hem Ýehowany gowy tanasak, dogan-uýalara rehimdar bolarys.

  • «Rehimdar, mähirli». Ene-atalaryň çagalarynyň aladasyny edişi ýaly, Ýehowa hem özüne sežde edýän adamlaryň mähir bilen aladasyny edýär

  • «Giň göwünli». Ýehowa sabyrly bolup, halkyna ýalňyşlaryny düzetmäge mümkinçilik berýär

  • «Wepaly söýgä baý». Ýehowa halkyny ýürekden söýýär we hiç haçan biwepalyk etmeýär

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAG BERIŇ: Ýehowa ýaly nädip rehimdar we mähirli bolup bilerin?