Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýehowa bilen dostlugyňyzyň gadyryny biliň

Ýehowa bilen dostlugyňyzyň gadyryny biliň

Biz özümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildik we Älemiň Hökümdary Ýehowa bilen dostlaşdyk. Şeýdip, Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde uly hormata eýe bolduk. Ýehowa bizi Ogly arkaly özüne ýakynlaşdyrdy (Ýah 6:44). Ol biziň doga-dileglerimizi diňleýär (Zb 34:15).

Biz Hudaý bilen dostlugymyzy nädip gorap bileris? Meselem, biz ysraýyllaryň goýberen ýalňyşyny gaýtalamaly däl. Ýehowa bilen äht baglaşanyna biraz wagt geçensoň, olar altyndan göle ýasap, oňa sežde etdiler (2Ms 32:7, 8; 1Kr 10:7, 11, 14). Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Men synaga düşenimde näme edýärin? Meniň özümi alyp barşym Ýehowa bilen dostlugymyň gadyryny bilýändigimi görkezýärmi?» Gökdäki Atamyza bolan söýgimiz onuň ýigrenýän islendik zadyndan gaça durmaga kömek edýär (Zb 97:10).

«ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GORAŇ (KOL 3:5)» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Açgözlük näme?

  • Açgözlük bilen butparazlykdan näme üçin gaça durmaly?

  • Ahlaksyzlyk bilen butparazlygyň näme meňzeşligi bar?

  • Esasan-da, jogapkär doganlar näme üçin aýalynyň aladasyny etmeli?