Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde şu ýalňyşlary goýbermäň

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde şu ýalňyşlary goýbermäň

Köp geplemäň. Siz ähli zady özüm düşündirmeli diýip pikir etmäň. Isa adamlara sorag berip pikirlenmäge we dogry karara gelmäge kömek edýärdi (Mt 17:24—27). Soraglar okuwy täsirli geçirmäge we okuw geçýän adamyň düşünişini hem kabul edişini bilmäge kömek edýär (be sah. 253, abz. 3, 4). Sorag bereniňizden soň jogap berýänçä sabyrly garaşyň. Eger okuw geçýän adam nädogry jogap berse, dogry jogaby aýtmaga derek, goşmaça soraglary berip, onuň özi dogry netijä geler ýaly kömek ediň (be sah. 238, abz. 1, 2). Okuw geçýän adam täze pikirlere doly düşüner ýaly, howlukman gepläň (be sah. 230, abz. 4).

Çylşyrymly düşündirmäň. Geçýän temaňyz barada birbada ähli zady gürrüň bermekden gaça duruň (Ýah 16:12). Abzasyň esasy pikirine üns beriň (be sah. 226, abz. 4, 5). Jikme-jik gürrüň bermeklik, hatda gyzykly bolsa-da, esasy pikirden ünsüňi sowup bilýär (be sah. 235, abz. 3). Okuw geçýän adam esasy pikire düşünen bolsa, indiki abzasa geçiň.

Temadan çykmaň. Biziň maksadymyz ýöne bir sapak geçmek däl-de, adamyň ýüregine täsir etmek (Lk 24:32). Geçilýän temanyň esasy aýatlaryna üns beriň. Şonda Hudaýyň Sözi adama güýçli täsir eder (2Kr 10:4; Ýew 4:12; be sah. 144, abz. 1—3). Ýönekeý mysallary ulanyň (be sah. 245, abz. 2—4). Adamyň ýagdaýyny we dini garaýşyny göz öňünde tutup, sapagy şoňa görä geçiň. Şeýle soraglary beriň: «Şu ýerde öwrenen zatlaryň barada näme pikir edýärsiň? Biz mundan Ýehowa barada näme öwrenýäris? Şu maslahata eýermegiň saňa nähili peýdasy bar?» (be sah. 238, abz. 3—5; sah. 259, abz. 1).