Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Okuw geçýän adamy ýygnaga gelmäge höweslendiriň

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Okuw geçýän adamy ýygnaga gelmäge höweslendiriň

BU NÄME ÜÇIN WAJYP? Ýygnak duşuşyklarynda Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyp, ony şöhratlandyrýarys (Zb 149:1). Şeýle-de biz ol ýerde Hudaýyň islegine görä ýaşamagy öwrenýäris (Zb 143:10). Adatça, okuw geçýän adam ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlansoň, ruhy taýdan tiz ösýär.

MUNY NÄDIP ETMELI?

  • Mümkin boldugyndan, okuw geçýän adamy ýygnaga basymrak çagyryň (Ylh 22:17).

  • Okuw geçýän adama indiki duşuşygyň nähili geçjekdigini we ol ýerde näme barada gürrüň ediljekdigini düşündiriň. Şeýle-de «Patyşalyk zalynda nämeler edilýär?» diýen wideony, «Ýehowanyň islegi» diýen broşýuranyň 5-nji we 7-nji sapaklaryny hem-de ýygnak duşuşygy üçin çakylygy ulanyp bilersiňiz.

  • Kömek ediň. Belki, okuw geçýän adamy ýygnaga ulagda alyp gitmäge ýa-da oňa salykatly geýinmek üçin egin-eşik saýlamaga kömek gerekdir. Duşuşykda onuň ýanynda oturyň we öz edebiýatlaryňyzy onuň bilen bile ulanyň. Başgalar bilen tanyşdyryň.