Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 119

«Ýehowanyň kanunynda geziň»

«Ýehowanyň kanunynda geziň»

Ýehowanyň kanunynda gezmek üçin, Hudaýyň görkezmesine höwes bilen tabyn bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda köp adamlaryň mezmurçy ýaly Ýehowa bil baglandygy we onuň kanunyna eýerendigi barada aýdylýar.

Biz Hudaýyň «kanunynda gezsek», bagtly bolarys

119:1—8

Ýeşuwa Ýehowanyň görkezmesine doly bil baglaýardy. Ol bagtly bolmak we üstünlik gazanmak üçin, Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil baglamagyň wajypdygyny bilýärdi.

Hudaýyň Sözi synaglara döz geler ýaly batyrgaýlyk berýär

119:33—40

Ýermeýa batyrgaýlyk görkezdi we Ýehowa bil baglady. Ol kynçylyklara garamazdan, sada ýaşady we gullugyny erjellik bilen dowam etdi.

Hudaýyň Sözündäki dogry bilim bize ynamly wagyz etmäge kömek edýär

119:41—48

Pawlus resul Hudaýyň habaryny gorkman ähli adamlara wagyz edýärdi. Ol Ýehowanyň kömegine doly bil baglap, hökümdar Felikse batyrgaýlyk bilen wagyz edýär.

Men nirelerde has ynamly wagyz edip bilerin?

  • Mekdepde

  • Işde

  • Öýde

  • Başga ýerlerde