Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Eger gapyny çaga açsa

Eger gapyny çaga açsa

Eger gapyny çaga açsa, biz oňa ene-atasy bilen gepleşmek isleýändigimizi aýtmaly. Şeýdip, biz maşgalabaşa hormat goýýandygymyzy görkezýäris (Sült 6:20). Çaga öýe girmegi teklip etse, biz girmeli däl. Eger onuň ene-atasy öýünde bolmasa, biz başga wagt gelmeli.

Ol biraz ulurak, meselem, 17-18 ýaşlarynda bolsa, şonda-da, ene-atasyny sorasaň ýerlikli bolar. Onuň ene-atasy öýünde bolmasa, biz ondan ene-atasynyň oňa okajak zadyny özbaşdak saýlamaga rugsat berýändigini ýa-da bermeýändigini sorap bileris. Eger rugsat berýän bolsa, edebiýat hödürläp bileris ýa-da jw.org saýtynyň salgysyny berip bileris.

Biz gyzyklanan ýaş oglany ýa-da gyzy ikilenç ideg edenimizde, oňa ene-atasy bilen görüşmekçidigimizi aýtmaly. Bu bize näme maksat bilen gelendigimizi düşündirmäge we Mukaddes Ýazgylarda her bir maşgala üçin ygtybarly hem peýdaly maslahatlaryň bardygyny görkezmäge kömek eder (Zb 119:86, 138). Biziň ene-atalara goýýan sylag-hormatymyz, olar üçin gowy şaýatlyk bolar we tutuş maşgalasyna hoş habary aýtmaga mümkinçilik berer (1Pt 2:12).