MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Wagyz etmek tejribämizi artdyrýarys. Gürrüňdeşlige başlamak wagyz etmäge ýol açýar
Isa mümkinçilikden peýdalanyp, samariýaly aýal bilen gürrüňdeşlige başlady we wagyz etdi. Biz tanamaýan adamlarymyz bilen gürrüňdeş bolmak üçin nädip ökdeleşip bileris?
-
Adamlar bilen mähirli gürleşiň. Isa ýadaw bolsa-da, içmäge suw sorap, gürrüňdeşlige başlaýar. Şonuň üçin sizem mähirli salamlaşyp, howa ýa-da täzelikler barada gürrüňdeşlige başlap bilersiňiz. Esasy maksadymyzyň gürrüňdeşlige başlamakdygyny unutmaň. Şonuň üçin adamy gyzyklandyraýjak zatlar barada gepleşip bilersiňiz. Eger adamyň gürleşesi gelmese, ruhdan düşmäň. Başga biri bilen gürleşjek boluň. Ýehowadan batyrgaýlyk diläň (Neh 2:4; Res 4:29).
-
Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, hoş habary wagyz ediň, ýöne muny howlukmaç etmäň. Arkaýyn gürrüňdeşlik ediň. Eger adamy zor bilen ynandyrjak bolsaňyz, ony oňaýsyz ýagdaýa salarsyňyz we gürrüňdeşligi dowam edip bilmersiňiz. Siz wagza başlamankaňyz, gürrüňdeşligiňizi dowam edip bilmeseňiz, lapykeç bolmaň. Hoş habary wagyz etmeli diýen pikir sizi gorkuzýan bolsa, onda maksadyňyz diňe wagyz etmek bolman, ýöne gürrüňdeş bolmaga çalşyň (1-nji wideony görkezip, pikir alşyň).
-
Eger imanyňyz barada ýürekden gürrüň berseňiz, adamy gyzyklandyryp, wagyz etmäge mümkinçilik döredersiňiz. Isanyň täsirli gürrüň bermegi aýaly sorag bermäge höweslendirdi. Isa gürrüňiniň ahyrynda hoş habar hakda aýdyp, soňra aýalyň soraglaryna jogap berdi (2-nji wideony görkezip, pikir alşyň, soňra 3-nji wideony görkezip, pikir alşyň).