Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAHÝA 5, 6

Isanyň yzyna dogry niýet bilen eýeriň

Isanyň yzyna dogry niýet bilen eýeriň

6:9—11, 25—27, 54, 66—69

Isanyň käbir şägirtleri getiren mysalyna düşünmän büdräp, onuň yzyna eýermegini bes etdiler. Şondan bir gün öň, Isa olary gudrat bilen doýrup, muny Hudaýyň güýji arkaly edendigini görkezipdi. Onda olar näme üçin büdrediler? Megerem, olar öz peýdasyny gözläp, zat edinmek maksady bilen Isanyň yzyna eýerendirler.

Bizem özümize şeýle soraglary bermeli: «Men Isanyň yzyna näme üçin eýerýärin? Muny, esasanam, häzir we gelejekde bereketleri almak üçin edýärinmi? Ýa-da Ýehowany söýüp, ony razy etmek isleýärinmi?

Näme üçin, esasanam, aşakdaky sebäplere görä Ýehowa gulluk etsek büdremegimiz mümkin?

  • Hudaýyň halky bilen şatlanmak üçin

  • Jennetde ýaşamak isleýändigimiz üçin