WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ | WAGYZDAN ŞATLYK TAPYŇ
Dogan-uýalaryň kömegini kabul ediň
Ýygnakda ruhy taýdan ösen, tejribeli wagyzçylar bar (1Pe 5:9). Ýehowa dogan-uýalar arkaly bize wagyzda duşýan kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär. Pawlus resula hem Akila bilen Priskilla, Silas, Timoteos we başga-da köp dogan-uýalar kömek edipdi (Res 18:1—5).
Dogan-uýalar ökdelik bilen wagyz etmäge nädip kömek edýär? Wagyzda sözüňi bölseler, olar gürrüňi dowam etmegi, gaýtadan ideg etmegi, Mukaddes Kitap okuwyna başlamagy we geçirmegi öwredip biler. Ýygnakda haýsy dogan-uýadan kömek sorap bilersiňiz? Tejribesi bilen paýlaşyp, olaryň özem, sizem şatlyk taparsyňyz (Flp 1:25).
«ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ WE ÝEHOWANYŇ KÖMEGINI KABUL EDIŇ. DOGAN-UÝALAR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Nita Jasminiň ýygnaga gelmegi üçin näme etdi?
-
Biz näme üçin dogan-uýalary Mukaddes Kitap okuwymyza çagyrmaly?
-
Jasmin Abigeý uýany näme üçin gowy gördi?
-
Dogan-uýalaryň tejribesinden näme öwrenip bilersiňiz?