Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Täze dünýäniň golaýlap gelýändigini wagyz ediň!

Täze dünýäniň golaýlap gelýändigini wagyz ediň!

Noýabr aýynda wagyz kampaniýasy geçiriler. Bizde has köp adama täze dünýäniň golaýlap gelýändigini wagyz etmäge mümkinçilik bolar (Zb 37:10, 11; Ylh 21:3—5). Gün tertibiňizi üýtgedip, kampaniýa doly gatnaşyp bilersiňiz. Şol aý kömekçi pioner bolup 30 ýa 50 sagat gulluk edip bolýar.

Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, täze dünýä baradaky aýatlary adamlara okap beriň. Olaryň ýüregine täsir etjek aýatlary tapyň. Eger adam gyzyklansa, «Garawul diňiniň» 2021-nji ýylda çykan köpçülik üçin niýetlenen No. 2 sanyny beriň. Gyzyklanan adamlary tizden-tiz gaýtadan ideg ediň we «Ebedi ýaşaň!» broşýuradan okuwa başlaň. Geliň, «gowy günler baradaky habary» höwes bilen wagyz edeliň! (Işa 52:7).

«TÄZE DÜNÝÄ ÝETIP GELÝÄR» DIÝEN WIDEOŞEKILLI AÝDYMY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Gyzjagaz nähili gelejegi göz öňüne getirýär?

  • Täze dünýäde nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz?

  • Gelejege bolan umydymyz noýabrda geçiriljek kampaniýa gatnaşmaga nädip höweslendirýär? (Luk 6:45).