MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny biliň
Ýaryşa gatnaşýan adam ýeňiş gazanmak üçin yzygiderli türgenleşmeli. Biz hem ýagşy-ýamanyň tapawudyny biler ýaly, aň-düşünjämizi ösdürmeli (Ýew 5:14). Bir karara gelmeli bolanymyzda başgalaryň edenini gaýtalaman, özümiz pikirlenmeli. Sebäbi her kim gelen karary üçin jogap bermeli (Rim 14:12).
Suwa çümdürilenimize ençeme ýyl geçenem bolsa, hemişe dogry karara geleris öýtmeli däl. Biz Ýehowa doly bil baglap, Sözi we guramasy arkaly berýän görkezmesine eýersek, paýhasly karara geleris (Ýuş 1:7, 8; Nak 3:5, 6; Mat 24:45).
«YNSABYŇYZY PÄK SAKLAŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
-
Emma uýa nähili karara gelmeli boldy?
-
Ynsap meselesinde näme üçin öz pikirimizi aýtmakdan seresap bolmaly?
-
Mesihçi är-aýal Emma uýa nähili maslahat berdi?
-
Uýa dogry karara gelmek üçin ýene näme etdi?