HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR
Ömür ýoldaşyňy ünsli saýla
Süleýman patyşa akylsyzlyk edip, ýalan taňrylara sežde edýän gyzlara öýlendi (1Pa 11:1, 2; w18.07 sah. 18, abz. 7)
Aýallary Süleýmany ýuwaş-ýuwaşdan ýoldan çykaryp, Ýehowadan daşlaşdyrdy (1Pa 11:3—6; w19.01 sah. 15, abz. 6)
Ýehowanyň Süleýmana gahary geldi (1Pa 11:9, 10; w18.07 sah. 19, abz. 9)
Mukaddes Kitapda dogan-uýalara «diňe Halypamyzyň şägirdi bilen maşgala gurmak» maslahat berilýär (1Kr 7:39). Ýöne suwa çümdürilen her bir dogan ýa-da uýa gowy ýanýoldaş bolar diýip pikir etmeli däl. Göz astyna alýanyň saňa bütin janyň-teniň bilen Ýehowa gulluk etmäge kömek edermi? Onuň imany ýyl-ýyldan berkeýärmi ýa-da gowşaýar? Maşgala gurmak isleýän bolsaň, göz öňünde tutýanyňy gowy tanajak bol.