Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ýeter-ýetmezçilikde Ýehowa daýanyň

Ýeter-ýetmezçilikde Ýehowa daýanyň

Durmuş gitdigiçe kynlaşýar. Dünýäniň soňy golaýladygyça, kynçylyklar üstli-üstüne bolýar. Käte iýjek-içjegimizi, geýjegimizi zordan tapýarys (Hab 3:16—18). Ýeter-ýetmez ýaşasagam, çendenaşa alada etmezlige näme kömek eder? Biz Ýehowa Hudaýa hemişe bil baglamaly, sebäbi ol her bir gullukçysynyň aladasyny etjekdigini söz berýär, islendik ýagdaýda-da kömege ýetişer (Zb 37:18, 19; Ýew 13:5, 6).

Siz näme edip bilersiňiz?

  • Kynçylyklarda paýhasly bolup, dogry hereket eder ýaly Ýehowadan kömek soraň (Zb 62:8)

  • Öň edip görmedik işiňizi etmäge çekinmäň (g 1/10 sah. 8, 9, çarçuwalar)

  • Öňkiňiz ýaly Mukaddes Kitaby her gün okaň, ýygnaklara baryň, wagyz ediň

«ÖÝÜŇIZI ÇYDAMLYLYK BILEN GURUŇ: BAR ZADYŇYZA KAÝYL BOLUŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Iki maşgalanyň nähili kynçylyklary bardy?

  • Olar Ýehowany birinji ýerde goýýandygyny nädip görkezdi?

  • Mätäç bolsagam, ýeter-ýetmezçilikden kösenýän dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?