Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Ebedi ýaşaň!» kitabynyň ýeňillikleri

«Ebedi ýaşaň!» kitabynyň ýeňillikleri

Siz «Ebedi ýaşaň!» kitabyndaky wideolary, soraglary haladyňyzmy? Belki-de, «Adamlar şeýle diýse», «Maksat goýuň», «Köpräk biliň» bölümleri hasam göwnüňize ýarandyr. Şu kitabyň başga-da ýeňillikleri size şägirt taýýarlamaga kömek eder (Mat 28:19, 20).

Salgylar. Kitapdaky wideolaryň we salgylaryň ählisini bir ýerden görüp bolýar. Munuň üçin kitaby tekst görnüşine geçiriň. Soňra 4 bölümiň birini saýlap, sapaklaryň sanawynyň aşagyndaky «Salgylar» diýen ýere basyň (1-nji surata serediň).

«Tekstini görkez» düwmesi. Telefonyňyzdan kitabyň bir sapagyny açsaňyz, ýokarsynda üç nokat bar. Şol üç nokada basyp, kitaby tekst görnüşine-de, surat görnüşine-de geçirip bolýar. Kitabyň surat görnüşi sapakda näme hakda gürrüň edilýändigine doly düşünmäge kömek edýär. Ony ýene-de tekst görnüşine geçirmek isleseňiz, üç nokada basyp «Tekstini görkez» diýen ýeri saýlaň.

Men taýýarmy? Kitabyň soňundaky iki çarçuwada wagyzçy bolmak we suwa çümdürilmek üçin talaplar ýazylan (2-nji surata serediň).

Goşmaça maglumat. Şu bölümde wajyp temalar düşündirilýär. Kitabyň tekst görnüşinde goşmaça maglumatdan yzyna sapaga geçip bolýar (2-nji surata serediň).

Okuw geçýäniňiz ruhy taýdan ösüp suwa çümdürilse-de, kitaby doly geçiň. Wagyz hasabatyňyza okuw geçen sagadyňyzy, idegleriňizi belläp bilersiňiz. Ýanyňyzdaky wagyzçy hem sagat sanyny belläp biler.