Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyzda JW.ORG saýtynyň baş sahypasyny ulanyň

Wagyzda JW.ORG saýtynyň baş sahypasyny ulanyň

Saýtymyzyň baş sahypasyndaky makalalar we wideolar akýürekli adamlary gyzyklandyrmak üçin çykarylýar (Res 13:48). Olarda täzelikler we adamlary biynjalyk edýän temalar hakda aýdylýar.

Siz wagyzda jw.org saýtynyň baş sahypasyny nädip ulanyp bilersiňiz?

  • Saýta ýygy-ýygydan girip duruň. Täze çykan zatlar bilen tanyş boluň we olary wagyzda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň (ýaňy-ýakynda çykan başga-da zatlary görmek üçin baş sahypadaky «Köpräk maglumaty görmek» diýen ýere basyň). Saýtymyzdaky täze zatlar bilen tanyş bolsaňyz, ökdelik bilen wagyz edip bilersiňiz.

  • Baş sahypadaky makalalar we wideolar arkaly gürrüňe başlaň. Olar ýaşaýan ýeriňizdäki adamlary nämäniň biynjalyk edýändigini bilmäge kömek edýär.

  • Wagyz edeniňizde saýtymyzyň baş sahypasyny görkeziň. Ol ýerde haýsy temalaryň bardygyny we saýty nädip ulanmalydygyny görkeziň.

  • Salgyny paýlaşyň. Käbirleri biziň bilen gürleşmek islemese-de, saýtymyza höwes bilen girýärler. Şonuň üçin gyzyklanan adama saýtymyzyň baş sahypasynyň ýa-da belli bir makalanyň, wideonyň salgysyny ibermäge ýaýdanmaň.