Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Ene-atalar, çagalaryňyza akyldar bolmaga kömek ediň

Ene-atalar, çagalaryňyza akyldar bolmaga kömek ediň

Ene-atalar, çagalaryňyz akyldar bolar ýaly, olary ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga höweslendiriň. Sebäbi biz ýygnaklarda Mukaddes Kitaby öwrenip, bilim alýarys. Çagalar ýygnakda görýän we eşidýän zatlaryndan Ýehowa hakda köp zatlary öwrenip bilýärler. Olar ýygnakda jogap berip, Ýehowa bilen ýakyn dost bolarlar (5Ms 31:12, 13). Siz çagalaryňyza ýygnakdan has köp peýda almaga nädip kömek edip bilersiňiz?

  • Ýygnaklara ýüzbe-ýüz gatnaşmaga jan ediň (Zb 22:22).

  • Ýygnakdan öň ýa-da soň dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boluň (Ýew 10:25).

  • Çagalaryňyzda ýygnakda geçilýän makalalaryň elektron ýa-da çap edilen görnüşi bolar ýaly aladasyny ediň.

  • Çagalaryňyza öz sözleri bilen jogap bermegi öwrediň (Mat 21:15, 16).

  • Ýygnaklaryň we olarda berilýän görkezmeleriň peýdasy hakda aýdyň.

  • Çagalaryňyzy Ýygnak jaýynyň arassaçylyk işlerine gatnaşmaga we uly ýaşly dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmaga höweslendiriň.

Çagalaryňyza Ýehowa ýakynlaşmaga kömek etmek üçin köp tagalla etmeli. Hatda käwagt ýadamagyňyz hem mümkin. Ýöne Ýehowanyň size hökman kömek etjekdigine ynamly boluň (Işa 40:29).

«ENE-ATALAR, ÝEHOWANYŇ GÜÝJÜNE DAÝANYŇ!» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Ýadawlyk Zak bilen Leýa nähili täsir etdi?

  • Ene-atalar näme üçin Ýehowadan kömek soramaly?

  • Zak bilen Leýanyň Ýehowa bil baglamagy nähili peýda berdi?