Mugallym bilen nädip oňşup bolarka?
20-NJI BAP
Mugallym bilen nädip oňşup bolarka?
Gowy görýän mugallymyň adyny ýaz. ․․․․․
Sen ony näme üçin gowy görýärsiň? ․․․․․
Saňa haýsy mugallymyň bilen oňuşmak kyn bolýar? ․․․․․
SEN dostlaryňy saýlap bilseňem, okuwyň ilkinji ýyllaryndan başlap, mugallymlaryňy saýlap bilmeýärsiň. Belki, sen olaryň hemmesinem gowy görýänsiň. 18 ýaşly Deýwid: «Mugallymlarym bilen aramyzda hiç wagt düşünişmezlik bolmaýardy. Men mugallymlarymy sylaýardym, olaram meni gowy görýärdiler» diýýär.
Ýöne seniňem mugallymyň 11 ýaşly Saranyňky ýaly bolmagy mümkin. Ol şeýle diýýär: «Biziň mugallymymyz gaty gödek. Men onuň sapagynda hiç zada düşünip bilemok. Käwagt-a ol asla düşündirmän oturýar, käte bolsa birtopar zady gürrüň
berýär». Senem mugallymyň bilen oňşup biler ýaly, ilki bilen, araňyzda näme sebäpli düşünişmezligiň döreýändigini anyklajak bol. Kynçylygy doly anyklasaň, oňa döz gelmek aňsat bolar. Aşakda özüňe degişli dörtburçlukda ✔ belligi goýup ýa-da başga-da kynçylyklaryňy ýazyp bilersiň.□ Men onuň sapagynda hiç zada düşünip bilemok
□ Men gowy okasamam, ol maňa pes baha goýýar
□ Ol başgalara has köp üns berýär
□ Ol meni hemişe düzedip ýörýär
□ Ol meni halanok
□ Başga zatlar ․․․․․
Bu kynçylyklaryňa döz gelmäge saňa näme kömek eder? Ilki bilen, Petrus resulyň maslahatyna eýerjek bol. Ol: «Ähliňiz pikirdeş, duýgudaş... boluň» diýip ýazdy (1 Petrus 3:8). Belki, sen: «Heý-de, oňşuksyz mugallyma duýgudaşlyk bildirip bolýarmy?» diýýänsiň? Ýöne, gel, ilki, mugallymlar babatda käbir zatlara seredeli.
Mugallymlaram ýalňyşýar. Mugallymlaryňam hersiniň öz häsiýeti, kynçylygy we halamaýan zady bolýar. Ýakup şägirt: «Eger kim sözünde ýalňyşmasa, onda ol kämil we tutuş bedenine erk edip bilýän adamdyr» diýip ýazdy (Ýakup 3:2). 19 ýaşly Briýana atly gyz: «Meniň matematika mugallymymyň hiç sabyr-takady ýok. Ol haçan görseň bize gygyryp ýör. Şonuň üçin biziň ony sylasymyzam gelenok» diýýär. Onuň mugallymynyň nämä gahary gelýärkä? Briýana sözüni dowam edip: «Okuwçylar özüni gaty tertipsiz alyp barýarlar. Olar mugallymyň gaharyny getirjek bolup, her hili bolýarlar» diýýär.
Käte gaty ýadaw wagtyň bir zady ýalňyş etseň, mugallymyň seniň kemçilikleriňe kän bir üns bermese begenýänsiň. Onda senem mugallymyň ýagdaýyna düşünseň gowy bolmazmy?
Mekdepde ýaňy-ýakynda bolan erbet ýagdaýy we mugallymyň gaharynyň gelmegine nämäniň sebäp bolandygyny ýaz.․․․․․
Mugallymlar käbir okuwçylary gowy görýärler. Gel, mugallymlaryň duş gelýän kynçylyklaryna seredeli. Siziň klasyňyzda näçe okuwçy gowy okaýar? Olaryň näçesi ýarym sagat ýa-da ondanam köpräk wagt sapagy ünsli diňläp bilýär? Keýpiniň ýokdugy ýa-da biri bilen dawalaşandygy üçin gaharyny mugallymdan çykarýan okuwçylaram bardyr, şeýle dälmi? Indi sen özüňi mugallymyň ýerine goýup gör. Sen 20-30-dan gowrak okuwça temany düşündirmeli, olaryň köpüsiniň bolsa sapagy diňläsi hem gelmeýär. Şonda sen ünsli diňleýän okuwçylara köpräk üns bermezdiňmi?
Elbetde, mugallym göz-görtele adam saýlasa, gaty gaharyň gelýändir. Nataşa atly gyz mugallymlarynyň biri barada şeýle gürrüň berýär: «Ol öý işlerimizi belli bir möhlete çenli ýerine ýetirmegimizi talap edýärdi. Klasdaky futbol toparynyň oýunçylaryna bolsa hemişe eglişik edýärdi. Aý, bolmanam ol şeýder, sebäbi onuň özi şol toparyň treneri bolup işläpdi-dä!» Senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, öz ýanyňdan: «Mugallymym maňa beýlekilerden az öwredýärmi?» diýip oýlanyp gör. Eger beýle däl bolsa, biderek ýere gaharlanmak ýa-da başgalara göriplik etmek nämä gerek?!
Sen mugallymyň sapagyny gowy görýändigiňi we düşündirýän temasyna sowuk-sala garamaýandygyňy nädip görkezip bilersiň?
․․․․․
Mugallymlar käte okuwçylara ýalňyş düşünýärler. Käwagt mugallymyň seniň edýän hereketiňe nädogry düşünmegi ýa-da gylyk-häsiýetiňi halamazlygy mümkin. Sen bir zady biljek bolup, köpräk sorag berseň, mugallymyň oňa garşy çykjak bolýansyň öýtmegi ahmal. Ýa-da oýun edip, degişäýseňem, oňa hormat goýmaýansyň öýdüp, seni biedep hasaplamagy mümkin.
Mugallymyň saňa nädogry düşünse näme etse bolar? Mukaddes Ýazgylarda: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň... Mümkin boldugyndan, ähli adamlar bilen parahat ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň» diýilýär (Rimliler 12:17, 18). Şonuň üçin senem mugallymyň gaharyny getirmejek bol. Biderek ýere jedelleşme. Mugallymyň senden närazy bolmaz ýaly eliňde baryny et. Onuň bilen sylaşykly gepleş. Sen: «Şeýle mugallym bilen sylaşykly gepleşip bolýarmy?» diýmegiň mümkin. Ýöne tagalla etseň, bu saňa başardar. Mugallymyňy göreniňde, oňa sylag-hormat bilen salam ber. Eger hemişe mylakatly we göwnaçyk bolsaň, mugallymyň saňa bolan garaýşy üýtgäp biler (Rimliler 12:20, 21).
Ken atly oglana-da mugallymlary köplenç ters düşünýärdi. Ol: «Men gaty utanjaň bolamsoň, mugallymlar bilen hiç wagt gürleşmeýärdim» diýýär. Ken bu
ýagdaýdan nädip baş alyp çykdyka? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men mugallymlarymyň maňa kömek etjek bolýandygyna düşündim. Şonuň üçin olaryň hemmesini gowy tanamagy ýüregime düwdüm. Şondan soň meniň bahalarym hem gowulandy».Elbetde, mugallymyňa hormat goýup, sylaşykly gepleşeniň bilen, ähli zat dessine gülala-güllük bolmaz. Şonuň üçin sabyrly bol. Süleýman patyşa: «Hökümdar (ýa-da mugallym) sabyr bilen yrylýandyr, ýumşak dil süňki döwýändir» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 25:15). Mugallymyň saňa adalatsyzlyk edýän ýaly bolup görünse-de, gaharyňy saklap, onuň bilen ýumşak gürleşmäge jan et. Şonda ol saňa bolan garaýşyny üýtgeder (Süleýmanyň tymsallary 15:1).
Mugallymyň saňa ýalňyş düşünse ýa-da adalatsyzlyk etse, oňa köplenç näme diýýärsiň?
․․․․․
Näme diýseň has gowy bolardy?
․․․․․
Kynçylyklary nädip çözmeli?
Mugallymyň mümkinçiliginiň çäklidigine düşünmek ýeterlikli däl. Onda kynçylyklary nädip çözmeli? Gel, olaryň käbirine döz gelmek üçin näme etmelidigiňe seredeli.
Mugallymym maňa pes baha goýýar. Katrina atly gyz şeýle gürrüň berýär: «Men gowy okaýardym. Ýöne bir gezek mugallymym maňa 2-lik goýdy. Enem-atam muny bilip, mekdebiň direktory bilen gepleşdi. Şonda mugallymym meniň bahamy sähelçe galdyryp, üçlüge öwürdi. Meniň bolsa muňa hasam gaharym geldi». Eger senem şeýle kynçylyga duş gelýän bolsaň, mugallymyňy aýyplap ýörmän, gaýtam, Natan pygamberden 2 Şamuwel 12:1—7).
görelde aljak bol. Hudaý oňa Dawut patyşanyň eden agyr günäsini paş etmegi tabşyrdy. Şonda Natan pygamber köşge baryp, Dawuda tankytlaýjy sözleri aýdyp, gygyryp başlaman, onuň bilen sypaýyçylykly gürleşdi (Şonuň ýaly senem mugallymyň bilen gepleşeniňde, pesgöwünli we sypaýyçylykly bol. Eger sen mugallymyňy işini oňarmaýan ýaly edip, aýyplap başlasaň, onuň bilen araňy sazlap bilmersiň. Şonuň üçin düşünjeli hereket edip, mugallymyňdan nämäniň üstünde işlemelidigiňi sorasaň gowy bolar. Süleýman patyşa: «Diňlemän jogap bermek adama akmaklykdyr, utançdyr» diýip ýazdy (Süleýmanyň tymsallary 18:13). Mugallymyň beren maslahatlaryny ünsli diňleseň, nämäniň üstünde işläp biljekdigiňe göz ýetirersiň. Şeýle edeniň bilen, bahaň üýtgemese-de, mugallym seniň paýhaslydygyňy görüp, saňa bolan garaýşyny üýtgeder.
Mugallymym meni halanok. Gel, Reýçel bilen bolan ýagdaýa seredeli. Ol hemişe 4-lük, 5-lik bahalary alýardy. Emma ol 7-nji klasa geçende ýagdaý düýbünden üýtgedi. Ol: «Mugallym meniň bahamy peseltjek bolup, elinden gelenini edýärdi» diýýär. Olaryň arasynda näme sebäpli kynçylyk döredikä? Şol
mugallym Reýçeliň özüne-de, ejesine-de olaryň dinini halamaýandygyny aýtdy.Soňra näme bolduka? Reýçel şeýle gürrüň berýär: «Mugallym meni halamaýandygy üçin pes baha goýanda, her gezek ejem gidip, onuň bilen gepleşýärdi. Ahyry ol maňa azar bermegini goýdy». Sende-de şeýle kynçylyk döreýän bolsa, muny eneň-ataňa aýtmaga ýaýdanma. Sebäbi olar bu meseläni çözmek üçin mugallymyň ýa-da mekdep ýolbaşçylaryň biri bilen gepleşer.
Sabyrly bol
Gynansak-da, kynçylyklaryň käbiri aňsatlyk bilen çözülmeýär. Käwagt olara biraz çydamaly bolýar. Tanýa atly gyz şeýle diýýär: «Bir mugallym bizi hiç halamaýardy. Ol köplenç bize „boşkelleler“ diýip gygyrýardy. Başda ol gaty göwnüme degip, meni aglatdy, ýöne soňabaka onuň aýdýan zatlaryny kän bir göwnüme alyp durmadym. Men, esasan, okuwyma üns berip, sapakda oturanymda-da, tema düşünjek bolýardym. Wagtyň geçmegi bilen, ol maňa beýle bir azar berip durmady. Onsoňam, bahalarymam gowulaşdy. Iki ýyldan soň, şol mugallymy işden çykardylar».
Senem mugallymyň bilen oňuşmagy öwrenjek bol. Bu saňa gelejekde işe gireniňde başlygyň bilen oňşup işlemäge-de kömek eder. Şeýle-de sen gowy mugallymlaryň gadyryny bilersiň.
Günüň dowamynda hiç zada ýetişip bilmeýän bolsaň, wagtyňy nädip paýhasly ulanyp bilersiň?
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şony etmeli». Matta 7:12
MASLAHAT
Mugallymyň ýürekgysgynç ýaly bolup görünse, oňa däl-de, sapaga üns berjek bol. Özüňe käbir bellikleri et, düşünmeýän ýeriňi sypaýyçylyk bilen sora, sapaga yhlasly gatnaş. Sebäbi bu beýleki okuwçylara-da gowy täsir edip biler.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Mugallymyň başga klaslary okadanda-da, şol bir temany onlarça, hatda ýüzlerçe gezek düşündirendir. Şonuň üçinem sapagyny edil başdakysy ýaly joşup gürrüň bermek ýyl geçdigi saýyn kyn bolýandyr.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Sapak ýürekgysgynç bolsa, onuň biraz gyzykly geçmegi üçin, men ․․․․․
Mugallymym meniň bilen özüni adalatsyz alyp barýan ýaly görünse, men ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Mugallymyň özüni alyp barşyna däl-de, sapaga üns berseň näme üçin gowy bolar?
● Sapagy ünsli diňleseň, mugallymyň saňa bolan garaýşy nädip üýtgäp biler?
[146-njy sahypadaky sitata]
«Men mugallymlarymyň ählisi bilen gowy gatnaşykda bolmaga jan edýärin. Men olaryň hemmesiniň adyny bilýärin, ýolda-yzda duşaýsalaram, biraz säginip, olar bilen hal-ahwal soraşýaryn» Karmen
[145-nji sahypadaky surat]
Derýadaky daşlaryň beýleki kenara geçmäge kömek edişi ýaly, mugallymlar hem saňa sowatsyzlykdan geçip, aň-düşünjeli bolmaga ýardam edýär