Wagtyňy nädip paýhasly ulanmaly?
21-NJI BAP
Wagtyňy nädip paýhasly ulanmaly?
Wagty köpeldip bolýan bolsa, günüň dowamyna näçe sagat goşardyň? ․․․․․
Ony nämä sarp ederdiň?
□ Dostlarym bilen gürrüňdeş bolmak
□ Ýatmak
□ Okamak
□ Başga zatlar ․․․․․
WAGT edil ýyndam at ýalydyr. Ony çapyp barýarkaň, jylawyny çekip durmaly bolýar. Eger wagtyňam dogry ulansaň, kän bir ýadamarsyň, mekdepde gowy bahalary alarsyň, eneň-ataň hem ynamyny gazanarsyň. Sen öz ýanyňdan: «Bu-la gaty gowy eken welin, muny etmek diliňde aňsat-da!» diýýänsiň. Elbetde, wagtyňy paýhasly ulanmak kyn bolmagy mümkin, ýöne tagalla etseň, sen muny başararsyň. Gel, käbir mysallara seredeli.
1-nji kynçylyk: Gün tertibiňi düzmek
Saňa näme päsgel berip biler? Belki, gün tertibiňi düzmek barada pikirlenip başlasaňam, el-aýagyň daňlan ýaly bolýandyr. Sebäbi sen belli bir düzgün boýunça hereket etmän, öz erkiňe ýaşasyň gelýändir.
Süleýmanyň tymsallary 21:5). Süleýmanyň köp jogapkärçilikleri bardy. Ol patyşa, maşgalabaşy hem-de köp çaganyň atasydy. Onuň ýaşy geçdigiçe, borçlary hasam artýardy. Şu wagt senem köp işler bilen başagaý bolýansyň. Ýöne ýaşyň ulaldygy saýyn, durmuşyň hysyrdysy hasam köpeler. Şonuň üçin häzirden belli bir tertip-düzgüne eýermegi öwrenseň gowy bolar.
Gün tertibiňi düzmek näme üçin wajyp? Süleýman patyşa: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir» diýip ýazdy (Deň-duşlaryň näme diýýär? «Alty aý mundan öň men gün tertibini düzüp başladym. Sebäbi işlerimi biraz ýerbe-ýer edesim gelýärdi. Gün tertibini düzenimde, maňa gaty gowy kömek etdi» (Joý).
«Men etmeli işlerimi ýazsam, gün tertibime eýermek aňsat bolýar. Olardan daşary ýene-de käbir zatlary etmeli bolsam, ejem ikimiz gün tertibimize dogry eýerip, biri-birimize kömek eder ýaly, olaram bellik edýäris» (Melori).
Muny etmäge näme kömek eder? Aýdaly, siz maşgalaňyz bilen dynç almaga gitjek bolýarsyňyz. Şonda her kim öz goşuny getirip, maşyna oklap goýberýär. Görýärsiňiz welin, goşlaryňyz syganok. Şonda siz näme edersiňiz? Elbetde, siz goşlaryňyzyň hemmesini çykararsyňyz-da, olary ykjamlap salyp başlarsyňyz. Ilki uly sumkalary goýup, boş galan ýerlerine bolsa kiçiräklerini ýerleşdirersiňiz.
Gündeki edýän işleriň barada-da şeýle diýse bolar. Eger wagtyňy ähmiýetsiz zatlara gidirseň, has wajyp işleriňe ýetişip bilmersiň. Ýöne uly zatlary öňürti etseň, beýleki zatlaryňa-da köp wagtyň galýandygyna göz ýetirersiň (Filipililer 1:10).
Seniň etmeli işleriň haýsysy has wajyp?
․․․․․
Indi bolsa ýazan zatlaryňa ýene-de göz aýlap, olary has wajybyndan başlap, tertip sanlar bilen bellik et. Esasy işleri öňürti etseň, beýle bir wajyp bolmadyk zatlara-da köp wagtyň galýandygyna özüňem haýran galarsyň.
Sen näme edip bilersiň? Gündeki etmeli işleriňi ýörite bir depdere ýaz. Aşakda agzalýan zatlar hem saňa gün tertibiňi düzmäge gowy kömek eder.
□ El telefondaky kalendar
□ Bloknot
□ Kompýuterdäki kalendar
□ Diwarda asylýan kalendar
2-nji kynçylyk: Gün tertibiňe eýermek
Saňa näme päsgel berip biler? Sen mekdepden geleniňde, birazajyk dem-dynjyňy alyp, telewizor göresiň gelýändir. Ýa-da öý işleriňi etjek bolup otyrkaň, kino gitmäge çagyrýandyrlar. Şonda sen: «Kinony garaşdyryp bolanok, öý işimi soň etsemem bolar-la. Onsoňam, „Iş gyssagda biter“ diýipdirler-ä» diýip, özüňi aklamagyň mümkin.
Gün tertibiňe eýermek näme üçin wajyp? Sen öý işleriňi kelläň biraz dury wagty etseň, gowy bahalary alarsyň. Onsoňam, seniň şeýle-de aladaň ýetik dälmi näme? Öý işiňi gijäň ýarynda howlugyp etjek bolup, özüňe ýene-de kynçylyk döretmek nämä gerek?! Giç ýatsaň, ertesi irden nähili bolar? Sen ýatyp galarsyň, özüňi gaty ýadaw duýarsyň, okuwyňa ýetişjek bolup, gapydan ok ýaly atylyp çykyp gidäýeniňde-de, gijä galyp bararsyň (Süleýmanyň tymsallary 6:10, 11).
Deň-duşlaryň näme diýýär? «Men telewizor görmegi, gitara çalmagy we dostlarym bilen oturmagy gowy görýärin. Dogry, bu zatlaryň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne käte şol zatlar sebäpli, wajyp işler soňa galýar we olary howlugyp ýüzleý etmeli bolýaryn» (Julian).
Muny etmäge näme kömek eder? Gün tertibiňe diňe bir hökmany suratda etmeli zatlaryňy däl-de, eýsem, gowy görüp edýän zatlaryňy hem ýaz. Julian şeýle
diýýär: «Işlerimi dynanymdan soň gowy görýän zadym bilen meşgullanjakdygym barada pikir edenimde, hemme işimi höwes bilen edýärin». Şeýle-de sen, ilki bilen, has wajyp işleri bitirip, soňra kiçiräklerini ýerine ýetirmegi maksat goý we eden bellikleriňe eýerýändigiňi barlap dur.Sen näme edip bilersiň? Öňümizdäki 6 aýyň içinde haýsy iki maksadyňa ýetmekçi?
․․․․․
Indiki iki ýylyň içinde haýsy maksada ýetip bilersiň we munuň üçin häzirden näme etseň bolar? a
․․․․․
3-nji kynçylyk: Arassaçyl we tertipli bolmak
Saňa näme päsgel berip biler? Sen arassaçyl we tertipli bolmagyň wagtyňy paýhasly ulanmaga kömek edýändigi barada oýlananam dälsiň. Seniň üçin
arassaçyl hem-de tertipli bolsaň, has köp wagtyň gidäýjek ýalydyr. Sen käte: «Aý, otagymy ertir arassalasamam bolar ýa-da soň bir gün edäýerin. Öýüň akan-dökän bolanynyň üýtgeşik erbet zady ýok-la» diýýänsiň. Ýöne bu, dogrudanam, şeýlemikä?Arassaçyl we tertipli bolmak näme üçin wajyp? Arassaçyl we tertipli bolsaň, bir zadyňy gözläniňde çalt taparsyň. Şeýle-de ähli zadyň ýerbe-ýer dursa, özüňi rahat duýarsyň (1 Korinfliler 14:40).
Deň-duşlaryň näme diýýär? «Käwagt egin-eşiklerimi ýerbe-ýer goýmaga wagtym bolmansoň, her zadymy bir ýerik taşlaýaryn. Soňam gerek zadymy tapmak garagörgi bolýar» (Mendi).
«Men bir hepdeläp gapjygymy tapyp bilmän gezdim. Bu maňa uly alada boldy. Ýöne soň öýi tertipleşdirenimde, gapjygym bir ýerden çykaýdy» (Frenk).
Muny etmäge näme kömek eder? Alan zadyňy derrew ýerinde goýjak bol. Hemme zat akan-dökän bolýança garaşman, otagyňy wagtly-wagtynda tertipleşdirip dur.
Sen näme edip bilersiň? Arassaçyl bolmagy endik edin. Hemme zady tertipli saklajak bol. Şonda sen biderek aladalardan dynarsyň.
Wagt hemmelere deň berilýär. Ony biderek zatlara sarp etseň, köp zyýan çekersiň. Paýhasly ulansaň welin, peýda taparsyň. Bar zat seniň özüňe bagly.
Siziň maşgalaňyz başga ýurtdan göçüp gelen bolsa, mekdebe ýa-da ýaşaýan ýeriňize öwrenişmek kyn bolýarmy? Şeýle ýagdaýda näme etse bolar?
[Çykgyt]
a Bu barada köpräk bilmek üçin, şu kitabyň 39-njy babyna seredip bilersiň.
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Iň wajyp zatlara düşüniň». Filipililer 1:10
MASLAHAT
Şu bapda berlen maslahatlaryň hemmesini bir gezekde ýerine ýetirjek bolma. Gaýtam, bir aýda bir maslahata eýermäge jan et. Olaryň biriniň üstünde işläniňden soň, beýlekisine geçip bilersiň.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Günüň dowamynda birgiden zatlary etjek bolsaň, gaty ýadarsyň. Emma olaryň haýsysynyň wajypdygyny anyklasaň, käbir zatlary etmegiň asla gerek däldigine göz ýetirersiň.
SEN NÄME ETMEKÇI?
Men indi şu zatlara az wagt sarp etmekçi: ․․․․․
Olara derek şu zatlary ederin: ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Wagtyňy paýhasly ulanmagy häzirden öwrenseň, gelejekde maşgala borçlaryňy ýerine ýetirmäge nädip kömek eder?
● Wagtyňy paýhasly ulanmak babatda eneň-ataňdan näme öwrenip bilersiň?
● Seniň gün tertibiň eýýäm bar bolsa, oňa nähili özgerişikleri girizip bilersiň?
[154-nji sahypadaky sitata]
«Bir gezek men özüm hakda: „Ony sagat 4-e getirjek bolsaň, 3-e gel diýmeli“ diýip degişýändiklerini eşitdim. Şonda men wagtymy paýhasly ulanmalydygyma düşündim» Rik
[155-nji sahypadaky çarçuwa]
Men wagtymy nämä sarp edýärin?
8—18 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň köpüsi hepdäniň dowamynda wagtyny şu zatlara sarp edýär:
17
ene-atasyna
30
mekdebe
44
telewizor görmek, kompýuterde oýun oýnamak, Internete girmek, aýdym diňlemek
Her hepde wagtyňy nämä sarp edýändigiňi hasaplap gör:
telewizor görmek ․․․․․
kompýuterde oýun oýnamak ․․․․․
Internete girmek ․․․․․
aýdym diňlemek ․․․․․
Jemi ․․․․․
Has wajyp zatlara sarp etjek wagtym ․․․․․
[153-nji sahypadaky surat]
Wagt edil ýyndam at ýalydyr. Ony çapyp barýarkaň, jylawyny çekip durmaly bolýar