Men nädip gowy dost tapyp bilerin?
8-NJI BAP
Men nädip gowy dost tapyp bilerin?
«Men şatlygymy-gaýgymy deň paýlaşyp, gaharym gelende, ýanymda bolup, meni diňläp biljek adamyň bolmagyny isleýärin. Hawa, durmuşyňy jorasyz göz öňüne getirmek mümkin däl». Britani
SEN kiçi wagtyň beýleki çagalar bilen oýnap, özüňi ýeke duýan dälsiň. Emma indi saňa ýöne bir wagtyňy bile geçirmek üçin däl-de, içki syryňy paýlaşyp biler ýaly hakyky dost gerekdir.
Süleýmanyň tymsallary 17:17, «Täze dünýä terjimesi»). Elbetde, şeýle dostluk çagalaryň ýöne bir bile oýnap, wagtyny geçirmeginden has köp zady aňladýar.
Mukaddes Ýazgylarda: «Hakyky dost seni her wagt söýýändir, ol aladaly gün üçin doglan dogan ýalydyr» diýilýär (Oýlanyp gör: Adam ulaldygyça, dost saýlanda, aşakda agzalýan zatlara üns bermelidigine göz ýetirýär.
1. Gowy häsiýetli bolmaly
2. Ýamanlykdan gaça durup, dogrulyk edýän bolmaly
3. Saňa gowy täsir etmeli
Sorag: Sen şeýle dostlary nädip tapyp bilersiň? Gel, bularyň hersine aýratynlykda seredeli.
1-nji üns bermeli zat: Gowy häsiýetli bolmaly
Seniň bilmeli zadyň. Tirkeşýän adamlaryň hemmesine hakyky dost diýip bolmaýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 18:24, «Mukaddes Kitap terjime instituty»). Bu sözler seni geň galdyrýan bolmagy mümkin. Ýöne oýlanyp gör, seniň dost hasaplaýanlaryň arasynda «aş dosty» diýilýänler bardymy? Ýa-da arkaňdan gepiňi edip, başgalaryň ýanynda seni ýamanlaýan dostuň bolupmydy? Şeýle zatlar ýakyn dostlugy puja çykarýar a. Dost saýlanyňda: «Az bolsun, uz bolsun» diýen nakyly unutma.
Seniň etmeli zadyň. Gowy häsiýetli we görelde alarlyk adam bilen dostlaşjak bol.
«Joram Fionanyň häsiýetini
hemmeler gowy görýär. Adamlaryň men barada-da şeýle pikir etmeklerini isleýärin. Menem joram ýaly, adamlaryň arasynda ýagşylykda tanalasym gelýär» (Iweta, 17 ýaşynda).Şu zatlary etjek bol:
1. Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary oka.
2. «Meniňem dost-ýarlarymyň şeýle häsiýetleri barmy?» diýip oýlan.
3. Aşakda ýakyn dostlaryň adyny we olaryň hersiniň öz gylyk-häsiýetini ýaz.
Ady
․․․․․
Häsiýeti
․․․․
Maslahat: Eger dost-ýarlaryň gylyk-häsiýetiniň ýaramazdygyna göz ýetiren bolsaň, özüňe gowy dostlary tapynjak bol.
2-nji üns bermeli zat: Ýamanlykdan gaça durup, dogrulyk edýän bolmaly
Seniň bilmeli zadyň. Eger saňa dost tapmak kyn bolýan bolsa, her bir duş gelen adam bilen dostlaşmagyň mümkin. Mukaddes Ýazgylarda: «Akylsyzlaryň dosty... zelel çeker» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 13:20). «Akylsyzlar» diýlende, sowatsyz ýa-da aň-düşünjesi pes adamlar däl-de, öwüt-ündewden ýüz öwrüp, erbet işlere baş goşýanlar göz öňünde tutulýar. Şeýle dostuň bolanyndan, bolmany gowudyr.
Seniň etmeli zadyň. Her kim bilen dostlaşyp ýörmän, gatnaşýan adamlaryňy ünsli saýla (Zebur 26:4). «Dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görjek» bol (Malaky 3:18).
«Enem-atam maňa deň-duşlarymyň arasyndan Hudaýa ýaramly ýaşaýan dostlary tapmaga kömek etdi. Men muňa diýseň begenýärin» (Kristofer, 13 ýaşynda).
Aşakdaky soraglara nähili jogap berersiňiz?
Dostlarymyň ýanyndakam, olar maňa bir erbet zat etdirer diýip biynjalyklanýarynmy?
□ Hawa
□ Ýok
Ejem bilen kakam dostlarymy halamaz diýip, olara kimler bilen gatnaşýandygymy aýtmaga çekinýärinmi?
□ Hawa
□ Ýok
Maslahat: Eger sen bu soraglara «Hawa» diýip jogap beren bolsaň, onda ýamanlykdan gaça durup, Hudaýa ýaramly ýaşamaga jan edýänler bilen dostlaşjak bol.
3-nji üns bermeli zat: Saňa gowy täsir etmeli
Seniň bilmeli zadyň. Mukaddes Ýazgylarda: «Aldanmaň. Erbetler bilen gatnaşyk etmek gowy endikleri bozýandyr» diýilýär (1 Korinfliler 15:33). Lora atly bir gyz: «Eger men özümi klasdaşlaryma görä alyp barsam, olar meni öz aralaryna goşýarlar. Men özümi ýeke duýamsoň, olara goşulmak üçin aýdanlaryny edip başladym» diýýär. Emma Lora başgalaryň täsirine düşüp hereket edeniňde, olaryň seni küşt oýnan ýaly oýnaýandygyna göz ýetirdi. Ýöne sen beýle zada ýol berme.
Seniň etmeli zadyň. Saňa öz aýdanlaryny etdirjek bolýanlar bilen gatnaşygyňy kes. Şeýtseň, dostuň öňki ýaly köp bolmasa-da, öz mertebäňi saklarsyň we saňa gowy täsir etjek dostlary tapyp bilersiň (Rimliler 12:2).
«Meniň ýakyn dostum Klint paýhasly we ýagdaýyňa düşünip bilýän adam. Ol maňa gowy kömek edýär» (Jeýson, 21 ýaşynda).
Özüňe şu aşakdaky soraglary ber:
Dostlaryma ýaranjak bolup, geýnişimi, gürleýşimi ýa-da özümi alyp barşymy üýtgedýärinmi?
□ Hawa
□ Ýok
Dostlarymyň göwnüni ýykmajak bolup, özüm islemesem-de, erbet ýerlerde görünýärinmi?
□ Hawa
□ Ýok
Maslahat: Sen bu soraglara «Hawa» diýip jogap beren bolsaň, onda eneň-ataňdan ýa-da ruhy taýdan ýetişen adamdan maslahat sora. Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, ýygnak ýaşulularyna ýüz tutup, saňa gowy täsir etjek dostlary tapmaga kömek etmeklerini haýyş edip bilersiň.
ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN, II TOMUŇ 9-NJY BABYNY OKAP BILERSIŇ
Eger dostuň ýa-da öz höwesleriň seni erbetlik etmäge iterýän bolsa näme etmeli?
[Çykgyt]
a Elbetde, ýalňyşmaýan adam ýok (Rimliler 3:23). Eger dostuň gaty göwnüňe degip, soňra ýürekden ötünç sorasa, «söýginiň köp günäleriň üstüni örtýändigini» unutma (1 Petrus 4:8).
ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR
«Dogandan hem ýakyn dost bardyr». Süleýmanyň tymsallary 18:24
MASLAHAT
Ýamanlykdan gaça durup, dogrulyk etmäge çalyş. Şonda dogruçyl adamlar seniň bilen gatnaşmak islär. Şeýdip, sen gowy dost tapynarsyň.
BILÝÄRSIŇMI... ?
Hudaý adamlary ala tutmasa-da, «çadyrynda... mesgen tutjaklary» ünsli saýlaýar (Zebur 15:1—5).
SEN NÄME ETMEKÇI?
Gowy dost tapmak üçin, men ․․․․․
Men özümden uly ýaşly şu adamlar bilen ýakyndan gatnaşmak isleýärin: ․․․․․
Şu mesele boýunça enem-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․
NÄHILI PIKIR EDÝÄRSIŇ?
● Sen dostuň nähili häsiýetleriniň bolmagyny isleýärsiň we näme üçin?
● Seniň özüňem gowy dost bolup biler ýaly haýsy häsiýetleriň üstünde işlemeli?
[60-njy sahypadaky sitata]
«Ejem bilen kakam käbir dost-ýarlarymdan daşrakda durmagy maslahat berýärdi. Men olaryň aýdýanynyň dogrudygyna düşünsemem, dostlarym bilen gatnaşasym gelýärdi. Ýöne men ähli zada dogry göz bilen garanymda, has gowy dostlary tapyp biljekdigime göz ýetirdim» Koul
[61-nji sahypadaky çarçuwa]
Şu maslahatlara eýerjek bol
Gowy dost tapmak barada eneň-ataň bilen gürrüňdeş bol. Seniň ýaşyňdaka, olaryň kimler bilen dostlaşandygyny sora. Olar käbir adamlar bilen gatnaşandygyna ökünýärmi? Eger şeýle bolsa, olaryň näme üçin ökünýändiklerini sora. Eneň-ataň duş gelen käbir kynçylyklaryndan seniň nädip gaça durup biljekdigiň barada gürrüňdeş bol.
Dostlaryňy eneň-ataň bilen tanyşdyr. Eger muny etmäge çekinýän bolsaň, onda özüňden: «Men näme üçin ýaýdanýaryn?» diýip sora. Dostlaryň edýän käbir zatlary eneň-ataň göwnüne ýaramaz öýdýärmiň? Onda dostlaryňy ünsli saýlasaň gowy bolar.
Ünsli diňle. Dostuň gaýgy-aladasy we durmuşy bilen ýürekden gyzyklan (Filipililer 2:4).
Ýürekden bagyşla. Dostuňdan kämillige garaşma. Sebäbi «biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» (Ýakup 3:2).
Dostuň şahsy durmuşyna hormat goý. Dostuň hemişe seniň ýanyňda bolmalydyr öýtme. Hakyky dost gerek wagty hökman kömege ýetişer (Wagyz kitaby 4:9, 10).
[63-nji sahypadaky surat]
Başgalaryň täsirine düşüp hereket etseň, olar seni küşt oýnan ýaly oýnarlar